15-nji iýun­da «Mer­ke­zi Azi­ýa­da we Ow­ga­nys­tan­da ze­nan­la­ryň yk­dy­sa­dy hu­kuk­la­ry­nyň hem-de müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi» at­ly hal­ka­ra on­laýn fo­rum ge­çi­ril­di. Mas­la­hat­da ze­nan te­le­ke­çi­li­gi­ni gol­da­mak, gen­der deň­li­gi­ni üp­jün et­mek hem-de zäh­met çek­mek üçin deň şert­le­ri dö­ret­mek ýa­ly me­se­le­ler­de pi­kir al­şyl­dy. Bu çä­re Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Oliý Maž­li­si we BMG-niň Ösüş Mak­sat­na­ma­sy ta­ra­pyn­dan gu­ral­dy. Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň ze­nan ýol­baş­çy­la­ry­nyň Dia­lo­gy­nyň ho­wan­dar­ly­gyn­da geç­ýän köp­ta­rap­ly du­şu­şy­ga türk­men ta­ra­pyn­dan Mil­li Ge­ňe­şiň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy hem-de Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Fo­ru­myň öňü­sy­ra­syn­da Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň te­le­ke­çi ze­nan­la­ry­nyň önüm­le­ri­niň wi­deo­ser­gi­si gu­ral­dy. Bu ser­gi gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň her bi­ri­niň paý­tag­tyn­da ge­çi­ril­di.
Wi­deo­mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar gen­der deň­li­gi­ni üp­jün et­mek, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek­de ze­nan­la­ryň or­nu­ny ýo­kar­lan­dyr­mak me­se­le­le­rin­de se­bi­tiň döw­let­le­ri­niň hö­kü­met­le­ri­niň ta­gal­la­la­ry­ny gol­da­ýan­dyk­la­ry­ny aý­dyp, ze­nan­la­ryň te­le­ke­çi­lik kuw­wa­tyn­dan has do­ly peý­da­lan­ma­gyň, ola­ryň zäh­met ba­za­ry­na gat­naş­ma­gy­ny gi­ňelt­mek, döw­let hem-de hu­su­sy ul­gam­lar­da iş­jeň iler­let­mek mak­sa­dy bi­len, ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny we yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar.
Fo­ru­myň çäk­le­rin­de Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň we Ow­ga­nys­ta­nyň te­le­ke­çi ze­nan­la­ry­nyň ara­syn­da dur­nuk­ly ösüş ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça «ýol kar­ta­sy» yla­la­şyl­dy we ka­bul edil­di. Şeý­le hem jem­leý­ji res­mi­na­ma – Bi­le­lik­dä­ki be­ýan­na­ma ka­bul edil­di. On­da fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň ze­nan te­le­ke­çi­li­gi­ni ös­dür­mä­ge, se­bi­tiň ze­nan te­le­ke­çi­le­ri­niň ara­syn­da öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy we işe­wür gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.