Tomusky dynç alyş möwsümi ýetip geldi. Ähli edaradyr kärhanalarda, hususy pudakda zähmet çekýän ildeşlerimiz tomus möwsümini peýdaly geçirmek üçin öňünden meýilnama taýýarlaýarlar. Tomus dynç alyş möwsüminde göwnejaý dynç almak hem-de şu döwürde saglygyna seretdirmek, dürli bejergiler almak hemmeleriň arzuwy. Tomus döwründe ildeşlerimiz zähmet rugsadyna çykyp, şypahanalarda saglygyny berkitmek, maşgala bolup dynç almak, ýurdumyzyň gözel ýerlerine syýahat etmek ýaly maksatlaryny durmuşa geçirýärler.
Keramatly türkmen topragy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, gözel we şypaly mesgenleri bilen meşhurdyr. Biziň ýurdumyz bol güneşli günleri hem-de ajaýyp syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar. Şeýle syýahatçylyk ýerleriň biri hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagydyr. Häzirki döwürde milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen raýatlarymyzyň göwnejaý dynç almagyny üpjün etmek üçin ähli işler ýerine ýetirilip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bilen bir hatarda ýurdumyzyň ähli şypahanalary halkymyzyň hyzmatyna berildi.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem-de ýurdumyzyň ähli şypahanalarynda dynç almak, saglygyňa seretdirmek üçin berjaý edilmeli degişli düzgünler girizilip, raýatlarymyzyň dynç almagy üçin ähli şertler döredildi. Hazaryň kenaryna ýörite uçar we demirýol gatnawlary ýola goýuldy. Bu ýerde raýatlarymyzyň göwnejaý dynç almagy üçin milli Liderimiziň Karary esasynda Dolandyryş merkezi döredilip, raýatlarymyzyň dynç alşyny guramak üçin degişli işler ýola goýuldy. Tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gelýänlere hödürlenýän awtoulag hyzmatlaryny has-da gowulandyrmak maksady bilen, şol döwürde ýolagçy ulaglaryň täze gatnaw ugurlary açyldy.
Gahryman Arkadagymyzyň Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda halkara derejedäki milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky başlangyjy ýurdumyzyň dynç alyş we syýahatçylyk ulgamynda täze sahypany açdy. Jana şypaly howasy, arassa suwy, altynsow çägesi bolan Hazaryň kenarynda gysga döwrüň dowamynda döredilen sagaldyş-dynç alyş toplumy tiz wagtda täze derejä eýe boldy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu gün özüniň haýran galdyryjy tebigy landşafty, deňiz akwatoriýasy, täsin gözellikleri, ýokary derejeli myhmanhanalar toplumy, owadan desgalary bilen syýahatçylary özüne çekýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ekologiýa syýahatçylygyny, işjeň dynç alşy, saglygy berkitmegi öz içine alýar.
Ýurdumyzda bagtyýar raýatlarymyzyň okuwdan, işden boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri, medeniýetli dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri üçin ähli şertler döredilen. Şu maksatlardan ugur alnyp, diňe soňky ýyllarda ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de paýtagtymyzda döwrebap şypahanalaryň, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, sport toplumlarynyň birnäçesiniň gurulmagy muňa aýdyň mysaldyr. Gojaman Hazaryň kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hem ynsan saglygy we bagtyýarlygy ugrundaky aladanyň nyşanydyr. Berkarar Watanymyzyň bu gözel künjeginde gysga döwrüň içinde gurlan desgalar – kaşaň myhmanhanalar, sagaldyş merkezleri, kottejler halkymyzyň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrüldi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ynsan saglygy we bagtyýarlygy ugrunda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Atamyrat TÄÇMUHAMMEDOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.