Elektroulag önümçiligi bilen meşgullanýan “Tesla” kompaniýasy awtonom sürüş tehnologiýasy üçin emeli aň maglumatlaryny işleýän täze superkompýuterini tanyşdyrdy. Bu kompýuter “Tesla”-nyň durmuşa geçirýän “Dojo” taslamasynyň ilkinji ädimi hasaplanýar. Kompýuter “Tesla” elektroulaglaryndan gelýän ummasyz mukdardaky maglumaty gaýtadan işlär hem-de emeli aňy kämilleşdirmekde ulanylar.