Dünýä ýurtlarynyň köpüsi koronawirusa garşy sanjym öndürýär. Täze sanjymlaryň işlenip taýýarlanmagy hem dowam edýär. Kuba hem şeýle ýurtlaryň hataryna girýär. Ýurtda “Abdala” atly sanjymyň koronawirus ýokanjyna garşy täsirliliginiň 92,28 göterimdigi mälim edildi. Ýurduň Genetika inženerçiligi we Biotehnologiýa Merkezinin (CIGB) “Twitter” akkaundynda bu barada maglumat berildi: – “Kubada häzirki wagtda 5 sanjym işlenip taýýarlanýar, 62 göterim täsirli “Soberana 02” we 92,28 göterim täsirli “Abdala” eýýäm sanjym hökmünde kabul edilýär. Kuba öz mümkinçilikleri bilen ilatyna sanjym eden ilkinji ýurt bolar.” – diýildi.