“Kantar” analitik kompaniýasy “BrandZ” atly sanawy ýaýratdy. Sanawa dünýäniň iň gymmat 100 brendi girizilipdir. Sanawyň başyny bölek söwda pudagynda iş alyp barýan “Amazon” çekýär. Brendiň gymmaty 684 milliard dollar bolup, geçen ýylkydan 268 milliard dollar (64%) köp. Ikinji orny 612 milliard dollar (74%) bilen “Apple” eýeledi. Üçünji ýeri 458 milliard dollar (42%) bilen “Google” aldy. Ilkinji onluga “Microsoft”, “Tencent”, “Facebook”, “Alibaba”, “Visa”, “McDonald’s” we “MasterCard” brendleri girmegi başardy. Öňdäki orunlaryň esasy bölegini tehnologiýa kompaniýalaryň alandygyny görmek bolýar. Reýtingde “Samsung” 42-nji, “Huawei” 50-nji boldy. Awtoulag öndürijileriň arasynda bolsa bu ýyl iň çalt ösen brend 275% çenli ýokarlanyp 47-nji orna çykan “Tesla” kompaniýasy boldy. “TikTok” 45-nji, “Nvidia” 12-nji, “Qualcomm” 37-nji, AMD 57-nji orunlary eýelemegi başardylar.

Pandemiýa döwründe “Xbox” 55%, “Disney” 13%, “Netflix” bolsa 55% gymmatlady.

Sanawdaky 100 kompaniýanyň 42% ösüp, umumy gymmatynyň 7 trillion dolardan geçendigi mälim edildi.