24-nji iýunda Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň Farap şäherinde “Çagalar dünýäsi” çagalar medeni-dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady taýdan hemmetaraplaýyn ösüşi we ähli ugurlarda durnukly ýagdaýyň saklanmagy bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar. Döwlet Baştutanymyzyň Lebap welaýatyna bolan iş saparynyň çäklerinde Kerki şäherinde Halkara howa menzilini, welaýatyň edara ediş merkezi bolan Türkmenabat şäheriniň täze binagärlik keşbine öwrülen “Türkmeniň ak öýi” binasyny ulanmaga bermek dabaralar munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň gündogar sebitinde şu günler milli Liderimiziň başlangyjy boýunça her ýylda geçirilýän we halkymyzyň köpöwüşginli medeniýetiniň ösdürilmegini, ruhy taýdan galkynmagyny şertlendirýän Medeniýet hepdeliginiň uly üstünlik bilen geçýändigini bellemek gerek.

1,5 gektar meýdany eýeleýän toplumda körpeleriň dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri we saglyklaryny berkitmekleri üçin ähli zerur şertler döredildi. “Çagalar dünýäsi” toplumyny Türkmenabadyň “Demirbetonönümleri” kärhanasynyň buýurmasy esasynda “Jemşidiň jamy” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler.

Merkeziň çäginde attraksionlaryň 11-si, oýun enjamlary zaly, 46 orunlyk çaýhana we iki söwda dükany bar. Belent baglaryň saýasynda goýlan amatly oturgyçlar bu ýere gelýänleriň oňaýly dynç alşyny üpjün edýär. Toplumy döwrebap derejede enjamlaşdyrmak işi dowam edýär. Ýakyn wagtda bu ýerde dürli görnüşli hiňňildikler, awtodrom we beýleki ugurdaş desgalar gurlar.

Bu ýerdäki edara ediş binasynda işgärleriň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertler döredildi. Doly abadanlaşdyrylan toplumyň yşyklandyryş ulgamy täze merkeziň agşamky görnüşlerini has-da gözelleşdirýär.