Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Hytaýdan “COVID-19” ýokanjyna garşy sanjym satyn alar. Bu barada hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatyň saglygyny berkitmek we ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri has-da güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine COVID-19 ýokanjyna garşy waksinanyň 1 million 500 müň dozasyny satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “China National Biotec Group Company Limited” («Sinopharm») kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.