“Facebook”-yň bazar nyrhy ilkinji gezek trillion dollarlyk sepgitden geçdi. Kompaniýanyň paýnamalary 3,5 göterim gymmatlady. Netijede sosial toruň umumy bazar nyrhy 1 trillion dollara ýetdi. Şeýlelikde, “Facebook” “Apple”, “Microsoft”, “Amazon” we “Alphabet” kompaniýalarynyň hataryna goşuldy.

Ilkinji gezek 2018-nji ýylyň awgustynda “Apple” kompaniýasynyň bazar nyrhy 1 trillion dollardan geçipdi. Golaýda bolsa “Microsoft” kompaniýasynyň bazar nyrhy 2 trillion dollardan geçip, bu sepgide ýeten ikinji kompaniýa boldy. Häzirki wagtda “Apple” we “Microsoft” kompaniýalarynyň bazary nyrhy iki trillion dollardan geçýär.