29-njy iýunda Türkmenistandan Gyrgyz Respublikasyna ýörite ýük baryp gowuşdy. Munuň özi ýakynda türkmen-gyrgyz ykdysady forumynyň çäklerinde iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen ylalaşykdan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza resmi saparynyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açandygyny hem-de dostlukly döwletleriň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklaryna goşmaça itergi berendigini bellemek gerek. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menzilinden ugradylan ýük uçarynyň Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherine baryp gonmagy şatlykly pursatlara beslendi.
Munuň özi ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmäge girişilýändigini alamatlandyrýar. Gyrgyz Respublikasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmeleriniň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalara laýyklykda, ýurdumyzdan umumy bahasy ABŞ-nyň 21 million dollaryndan gowrak bolan azyk harytlary, himiýa we tehnika serişdeleri ugradyldy.
Gyrgyz Respublikasynyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysy Türkmenistandan gelip gowşan ýükleriň öz ýurdunda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşantdygyny we dürli ölçegdäki plastiki, keramiki we faýans önümleriň ýurtda alnyp barylýan gurluşyklar üçin niýetlenen zerur serişdelerdigini aýratyn belledi. Şeýle hem şol ýükleriň arasynda mebel, köke-süýji önümleriniň bardygy nygtaldy. Mundan başga-da, harytlaryň hatarynda Türkmenistanda öndürilen matalaryň dürli görnüşleri, polipropilen we polietilen, nebithimiýa önümleriniň dürli görnüşleri bar. Bularyň ählisi goňşy döwletiň ykdysadyýetiniň netijeli ösmegi üçin uly ähmiýete eýedir.
Türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň binýatlaýyn esaslary barada aýdanyňda, ilkinji nobatda, onuň möhüm ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki ösüşine bolan garaýyşlarda özara düşünişmegi berkitmegiň we sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň aýratyn möhümdigini bellemek gerek.
Bu gün Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň hyzmatdaşlygy Merkezi Aziýa giňişliginde durnukly we oňyn ösüş ýagdaýynyň möhüm şertini emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň işine möhüm ähmiýet berilýär.