Şu ýyl bel­le­nil­ýän şöh­rat­ly se­nä – Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp ulan­ma­ga be­ril­ýän tä­ze, döw­re­bap bi­na­lar ýa­kyn­la­şyp gel­ýän äh­mi­ýet­li se­ne my­na­sy­bet­li gu­ral­ýan da­ba­ra­la­ra öz­bo­luş­ly baý­ram­çy­lyk öwüş­gi­ni­ni çaý­ýar.
Aş­ga­bat şä­her hä­kim­li­gi­niň bu­ýur­ma­sy bo­ýun­ça «Bouy­gu­es Ba­ti­ment In­ter­na­tio­nal» fran­suz kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan gur­lan «Ar­ka­dag» myh­man­ha­na­sy öz­bo­luş­ly be­ze­gi, hä­zir­ki za­man bi­na­gär­lik çöz­güt­le­ri bi­len haý­ran gal­dyr­ýar. Myh­man­ha­na top­lu­my ýa­rym aý­law gör­nü­şin­de bo­lup, onuň eýe­le­ýän meý­da­ny 220 müň ine­dör­dül metr­den gow­rak­dyr.
14 gat­ly myh­man­ha­na­nyň be­ýik­li­gi 76,5 metr bolup, uzyn­ly­gy 290 metr bo­lan mer­ke­zi bi­na­dan we oňa go­şul­ýan iki bi­na­dan yba­rat­dyr. Mer­ke­zi bi­na go­şul­ýan ga­nat gör­nüş­dä­ki bi­na­la­ryň her bi­ri­niň uzyn­ly­gy 134 metr­dir.
Top­lu­myň çä­gin­den eme­li der­ýa­nyň geç­me­gi bu tas­la­ma­nyň esa­sy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Der­ýa­nyň ug­run­da dynç al­mak we ge­ze­lenç et­mek üçin ni­ýet­le­nen se­ýil­gäh zo­la­gy gur­lup­dyr.
Bi­na­nyň ýa­na­şyk ýer­le­ri­niň aba­dan­laş­dy­ryl­ma­gy, sa­ýa­ly bag­la­ryň, dür­li gül­le­riň ekil­me­gi, şeý­le hem du­ry suw­ly der­ýa­nyň geç­me­gi bi­len bu ýer­de ja­na ýa­kym­ly ho­wa gur­şa­wy eme­le gel­di. Mu­nuň özi Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de, şol san­da paý­tag­ty­myz­da ýo­ka­ry eko­lo­gi­ýa de­re­je­si­niň üp­jün edil­ýän­di­gi­niň, şun­luk­da, adam hak­da­ky ala­da­nyň esa­sy orun­da dur­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.
«Ak öý» gör­nü­şin­de gur­lan mil­li aş­ha­na bu ýe­re gel­ýän­le­riň aý­ra­tyn ün­sü­ni çek­ýär.
Myh­man­ha­na­da ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ze gel­ýän myh­man­la­ry mil­li myh­man­sö­ýer­lik däp­le­ri esa­syn­da gar­şy­la­mak üçin dö­re­di­len şert­ler ýo­ka­ry hal­ka­ra ül­ňü­le­re do­ly la­ýyk gel­ýär. Aý­ra­tyn-da, myh­man­ha­na­nyň zal­la­ry mil­li aý­ra­tyn­lyk­lar esa­syn­da be­ze­lip­dir. Bu ýer­de mil­li sun­ga­tyň aja­ýyp eser­le­ri, hal­ky­my­zyň ta­ry­hy­na, hä­zir­ki döw­rü­ne we asyr­la­ryň do­wa­myn­da dö­re­den dün­ýä nus­ga­lyk gym­mat­lyk­la­ry­na de­giş­li sun­gat eser­le­ri myh­man­ha­na­nyň esa­sy be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny eme­le ge­tir­ýär.

Bu ýer­de be­lent mer­te­be­li myh­man­la­ry ka­bul et­mek, ola­ryň oňat dynç al­ma­gy, dür­li çä­re­le­ri ge­çir­mek üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­di. Ýa­şa­ýyş otag­la­ry bi­len bir ha­tar­da, mas­la­hat zal­la­ry, res­to­ran­lar, dü­kan­lar hem-de ho­wuz­lar we sport meý­dan­ça­la­ry göz öňün­de tu­tul­dy.
«Ar­ka­dag» myh­man­ha­na­sy hem Aş­ga­ba­dyň beý­le­ki myh­man­ha­na top­lum­la­ry ýa­ly, myh­man­la­ry­na hyz­ma­tyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni hö­dür­lär. Myhmanhananyň otag­la­ry gel­şik­li hem-de oňaý­ly me­bel­ler bi­len üp­jün edil­ip, otag­la­ryň be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry, reňk saz­la­şy­gy myh­man­lar üçin ýa­kym­ly gur­şa­wy dö­re­der. De­re­je­si­ne ga­ra­maz­dan, otag­la­ryň hem­me­si myh­man­ha­na hyz­ma­ty­nyň ýo­ka­ry hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­ýär hem-de bi­na­nyň her ga­ty­nyň otag­la­ry bi­ri-bi­rin­den äh­mi­ýet­li aý­ra­tyn­ly­gy we göw­rü­mi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.
Myh­man­ha­na­da ada­ty otag­lar bi­len bir ha­tar­da, ýo­ka­ry de­re­je­li, has amat­ly otag­lar bo­lup, ola­ryň be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ryn­da nus­ga­wy ýö­rel­ge­ler hä­zir­ki za­ma­nyň ösen tej­ri­be­si bi­len ut­gaş­dy­ryl­dy. Mu­nuň özi otag­la­ryň amat­ly­lyk de­re­je­si­ni art­dyr­mak bi­len bir­lik­de, ola­ryň gö­ze ge­lüw­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ýar. Otag­la­ra ne­pis ha­ly­la­ryň dü­şel­me­gi, di­war­lar­da türk­men te­bi­ga­ty­na, mil­li sun­ga­ty­my­za de­giş­li su­rat eser­le­ri­niň go­ýul­ma­gy myh­man­ha­na­nyň be­zeg iş­le­ri­niň mil­li ýö­rel­ge­le­re la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.
Myh­man­ha­na­nyň 13-nji ga­tyn­da dynç al­mak we da­ba­ra­ly çä­re­le­ri ge­çir­mek üçin hem­me şert­ler dö­re­di­len «Me­kan» diý­lip at­lan­dy­ry­lan res­to­ran ýer­leş­ýär. Öz­bo­luş­ly nus­ga­wy gör­nüş­li be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry bo­lan res­to­ran­da myh­man­la­ryň gö­zel paý­tag­ty­my­zy hem-de Kö­pet­da­gyň aja­ýyp gö­zel­li­gi­ni syn­lap bil­mek­le­ri üçin ýo­ka­ry de­re­je­li müm­kin­çi­lik­ler bar.
Mun­dan baş­ga-da, myh­man­ha­na top­lu­myn­da bir­nä­çe res­to­ran­lar we çaý­ha­na­lar bar. Şeý­le hem in­ter­net ka­fe, ýü­züş how­zy bo­lan SPA zo­lak­la­ry, sau­na­lar, kos­me­ti­ka otag­la­ry, ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nen oýun otag­la­ry, myh­man­ha­na­nyň üs­ti açyk çäk­le­rin­de sport meý­dan­ça­la­ry myh­man­la­ryň hyz­ma­tyn­da bo­lar.
Bu ýer­de dür­li de­re­je­dä­ki gep­le­şik­le­ri ge­çir­mek üçin äh­li amat­lyk­la­ry özün­de jem­le­ýän bir­nä­çe mas­la­hat zal­la­ry göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr. Ola­ryň üp­jün­çi­lik de­re­je­si, hä­zir­ki za­man teh­ni­ka­la­ry we san­ly ul­gam bi­len en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy hal­ka­ra de­re­je­dä­ki çä­re­le­ri gu­ra­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.