30-njy iýunda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda syýasatşynaslaryň we žurnalistleriň gatnaşmagynda sebit hyzmatdaşlygyna bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi.

Türk­men ta­ra­py­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça gu­ra­lan bu çä­re Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na, şeý­le hem hormatly Prezidentimiziň tek­li­bi bo­ýun­ça BMG-ä ag­za ýurt­la­ryň gol­daw ber­me­gin­de we bi­ra­gyz­dan ka­bul et­me­gin­de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Ka­rar­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, 2021-nji ýy­lyň «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­me­gi­ne ba­gyş­lan­dy.
Ut­ga­şyk­ly gör­nüş­de ge­çi­ri­len fo­ru­ma ýur­du­my­zyň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry we ta­lyp­la­ry, şeý­le hem ýur­du­myz­da iş­le­ýän iri ha­bar­lar agent­lik­le­ri­niň iş­gär­le­ri gat­naş­dy­lar.

Hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­mak, dür­li ýurt­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan bu çä­rä wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly bir­nä­çe da­şa­ry ýurt­la­ryň gör­nük­li žur­na­list­le­ri, sy­ýa­sat­şy­nas­la­ry, iri se­bit gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry gat­naş­dy­lar. Umu­man, bu mas­la­ha­ta dün­ýä­niň 30-a go­laý döw­le­tin­den köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň 100-e go­la­ýy­nyň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry Ha­di So­leý­man­pur, Tür­ki dil­li döw­let­le­riň hyz­mat­daş­lyk ge­ňe­şi­niň Baş sek­re­ta­ry Bag­dat Am­re­ýew, «Mir» döw­le­ta­ra te­le­ra­dio­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň, Rus­si­ýa­nyň «Rus­si­a to­day» mag­lu­mat te­le­ýaý­lym­lar ul­ga­my­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň Mil­li te­le­ra­dio­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň «Tat­me­dia» met­bu­gat we köp­çü­lik­le­ýin ara­gat­na­şyk bo­ýun­ça res­pub­li­kan agent­li­gi­niň, Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Mil­li döw­let te­le­ra­dio­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň, Gru­zi­ýa­nyň «News Day Ge­or­gia» žur­na­ly­nyň, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ry ul­ga­my­nyň ýol­baş­çy­la­ry hem-de we­kil­le­ri bar.
Fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar mag­lu­mat gi­ňiş­li­gin­de ýo­la goý­lan gat­na­şyk­la­ryň de­re­je­si­ne ýo­ka­ry ba­ha be­rip, dün­ýä ýurt­la­ry­nyň we halk­la­ry­nyň ara­syn­da dost­luk, yna­nyş­mak gat­na­şyk­la­ry­nyň ýo­la go­ýul­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ýurt­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri bi­len sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, dur­muş hem-de me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­lar bo­ýun­ça tä­ze­lik­le­ri, syn be­ri­ji mag­lu­mat­la­ry yzy­gi­der­li alyş­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar.
Türk­men ta­ra­py­nyň wa­jyp baş­lan­gyç­la­ry­nyň, şol san­da 2021-nji ýy­ly «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da­ky tek­li­bi­niň bi­ra­gyz­dan gol­da­nyl­ma­gy Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­dä­ki ab­ra­ýy­nyň ny­şa­ny­dy­gy bel­le­nil­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Mir» döw­le­ta­ra te­le­ra­dio­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we­ki­li bi­len bo­lan söh­bet­deş­li­gin­de bel­leý­şi ýa­ly, bu baş­lan­gyç hä­zir­ki hal­ka­ra ýag­da­ýa ber­len anyk sy­nyň ne­ti­je­si­dir.
Öň­de­ba­ry­jy hal­ka­ra de­re­je­li bi­ler­men­ler, mil­li we da­şa­ry ýurt me­dia dü­züm­le­ri­niň we­kil­le­ri se­bi­ta­ra de­re­je­de gep­le­şik­le­riň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­ly­gy üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ber­kit­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­di­ler hem-de şeý­le du­şu­şyk­la­ryň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­di­ler.