Türkiýede 26 ýyldan soň ýokary liga, Süper Lige çykan “Adana Demirspor” topary dünýä belli italiýaly hüjümçi Mario Balotellini transfer etdi. Adana şäheriniň wekili 31 ýaşyndaky hüjümçi bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. Balotelli karýerasy boýunça “Inter”, “Mançester Siti”, “Milan”, “Liwerpul”, “Nissa”, “Marsel”, “Breşiýa” klublarynda we geçen möwsümde-de “Monza” toparynda oýnan gopgunly hereketleri bilen tanalýan Balotelli Italiýanyň milli ýygyndysynda-da 36 oýunda 14 gezek tapawutlandy. “Adana Demirspor” topary Balotelliden öňem marokkoly Ýunes Belhandany, kongoly Britt Assombalongany transfer edipdi. “Adana Demirsporda” Gökhan Inler, Wolkan Şen, Taryk Çamdal ýaly futbolçylar hem çykyş edýär.
PDF









