Dünýä belli olimpiýa türgeni Harri Žerom üçin elde tikilen sport aýakgabynyň auksiona çykaryljakdygy mälim edildi. Aýakgap “Sotheby’s” auksion öýi tarapyndan Tokio 2020 Olimpiýa oýunlarynyň başlanýan güni – 23-nji iýulda satuwa hödürlener. Köwşüň bahasynyň 800 müň – 1,2 million dollar aralygynda bolmagyna garaşylýar. Bu aýakgaby “Nike” brendiniň esaslandyryjylarynyň biri bolan Bill Bowerman tikipdir. 60-njy ýyllarda tikilen aýakgap, kanadaly ýeňil atletikaçy Harri Žerom üçin dizaýn edilipdir. Aýakgap aşagy gatlakly görnüşde tikilen ilkinji sport köwşi hasaplanýar. “Sotheby’s” auksion öýüniň bilermenleri bu köwüşden gaty az sanly jübüdiniň bardygyny, şol sebäpli bahasynyň ýokary boljakdygyny belleýär.
Ýeri gelende aýtsak, 1940-njy ýylda dünýä inen kanadaly Harri Winston Žerom 1964-nji ýylda Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda bürünç medal gazanypdy. 1982-nji ýylda aradan çykan ýeňil atletikaçynyň karýerasynda jemi ýedi dünýä rekordy bar.