91 ýyl ozal şu ​​gün Urugwaýda ilkinji Dünýä Kubogy başlandy. Urugwaýyň sport çäresiniň geçiriljek ýeri hökmünde saýlanmagy tötänleýin däldi. Bu ýurduň Olimpiýa ýygyndysy 1924-nji ýylda Parižde geçirilen VIII Olimpiýa oýunlarynda we 1928-nji ýylda Amsterdamda geçirilen IX Olimpiýa oýunlarynda ýeňiji boldy, şondan soň ýurt ilkinji Dünýä Kubogyny geçirmek hukugyny aldy. Bäsleşige dünýäniň 13 topary: Fransiýa, Ýugoslawiýa, Rumyniýa, Belgiýa, Peru, ABŞ, Argentina, Braziliýa, Boliwiýa, Çili, Meksika, Paragwaý hem-de Urugwaý gatnaşdy. 30-njy iýulda oýnalan finalda Argentinany 4:2 hasabynda ýeňen Urugwaýyň milli ýygyndysy Dünýä Kubogynyň ilkinji eýesi hökmünde taryha girdi.