Meşhur aýdymçy hem-de aktrisa Jennifer Lopez “Atlas” atly filmde baş keşpde surata düşer. Ol ady agzalan bu ekran eserinde Atlas atly zenanyň keşbini ýerine ýetirer. “Netflix” platformasynyň önümi bolan filme Bred Peýton režissýorlyk eder. Ylmy-fantastik we triller görnüşli filmiň ssenarisini Aron Eli Koleite ýazar. Filmdäki wakalar gelejekde bolup geçýär. “Atlas” atly zenan bilen emeli aňyň arasyndaky göreş beýan edýär. Filmiň görkeziljek wagty häzirlikçe anyk däl.