Elektroulag önümçiligi bilen meşgullanýan “Tesla”-nyň “Cybertruck” atly ulagynda “Samsung Electro-Mechanics”-iň kamera modullarynyň ulanyljakdygy habar berildi. “Korea Economic Daily”neşiriniň habaryna görä, “Tesla” we “Samsung” şu ýylyň ahyrynda önümçilige başlanjak “Tesla Cybertruck”-da kamera üpjünçiligi modullaryny ulanmak barada ylalaşyk gazandylar. Awtoulag 2019-njy ýylyň noýabr aýynda nusgalyk görnüşde tanyşdyrylanda, onuň yzky aýnasy we gapdal aýnalary ýokdy. Önümçilige niýetlenen nusga hem şoňa meňzeş bolup, kameralar bilen üpjün ediler. “Samsung” -yň täze “PixCell LED” çyrasynyň “Tesla” tarapyndan geljekki elektroulaglarda ulanyljakdygy bellendi. Önümçiligiň 2022-nji ýylyň başynda kompaniýanyň ýakyn wagtda tamamlanjak “Giga Texas” desgasynda ýola goýulmagyna garaşylýar.