“Milan” bilen şertnamasy tamamlanan we täze ýyllyk tölegleri az gören şertnama uzaltmakdan boýun towlan italiýaly derwezeçi Janluiji Donnarumma PSŽ-niň düzümine goşuldy. Erkin agent ýagdaýynda parižlileriň hataryna goşulan Donnarumma fransuz kluby bilen 2026-njy ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy. 2015-nji ýylda 16 ýaşynda “Milanyň” derwezesini gorap başlan Donnarumma 6 möwsümde “Serie A-da” 215 duşuşyk geçirdi. Milli ýygyndyda 33 duşuşyk geçiren Donnarumma 16-njy Ýewropa çempionatynda Italiýanyň çempion bolmagynda esasy rol oýnan oýunçylaryň biri boldy. Ol çempionatyň iň ökde futbolçysy diýlip saýlandy.

Şeýle-de, Donnarumma türkiýeli Hakan Çalhanoglundan soň, şertnamasy tamamlanyp, “Milandan” gaýdan 2-nji futbolçy boldy.