Ispaniýanyň “Barselona” topary “Arsenalyň” braziliýaly hüjümçisi Gabriel Žesusy 10+4 million ýewro transfer etdi. Katalon kluby 29 ýaşyndaky hüjümçi bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. 2015-nji ýylda professional karýerasyna ýurdunyň “Palmeiras” toparynda başlan Gabriel Žesus 2016-njy ýylda “Mançester Siti” toparyna geçdi. Şäherlileriň düzüminde 6 möwsüm oýnap, 236 duşuşykda 95 gol geçirdi. “Arsenalda” bolsa 4 möwsüm geçiren Žesus 123 duşuşykda 32 gezek tapawutlandy. Gabriel Žesusyň Braziliýanyň ýygyndysynda-da 64 oýunda 19 goly bar.
PDF








