11-nji iýulda Moldowada geçirilen nobatdan daşary Parlament saýlawlarynda ýurduň Prezidenti Maýýa Sanduny goldaýan «Hereket we raýdaşlyk» partiýasy ýeňiş gazandy. Maglumatlara görä, «Hereket we raýdaşlyk» partiýasy sesleriň 52,8 göterimine eýe boldy.
Ikinji ýerde kommunistleriň we sosialistleriň bileleşigi, üçünji ýerde hem «Şor» partiýasy gelip, degişlilikde, 27,1 göterim we 5,7 göterim sese eýe boldular. Beýleki partiýalar yň bolsa sesleriň 5 göteriminden geçip bilmändigi habar berilýär.
Şeýlelik bilen, «Hereket we raýdaşlyk» partiýasy Parlamentdäki 101 orundan 51-sine eýe bolup biler. Respublikanyň Prezidenti saýlawlara gatnaşan saýlawçylara özüniň hoşallygyny bildirdi we mümkin boldugyça gysga wagtda hökümet gurmaga girişmekçidigini aýtdy.
Şu ýylyň aprelinde Moldowanyň Prezidenti Maýýa Sandu Parlamentiň işini ýatyrmak baradaky karara gol çekdi. Moldowada geçirilen nobatdan daşary Parlament saýlawlaryna 22 partiýa we bileleşik, bir garaşsyz dalaşgär gatnaşdy. Esasy göreş, Maýýa Sandunyň wezipesine girişmezden öň ýolbaşçylyk eden «Hereket we raýdaşlyk» partiýasy bilen öňki iki prezidentiň: Kommunistik lider Wladimir Woroniniň we Sosialistik lider Igor Dodonyň ýolbaşçylygyndaky Kommunistler we Sosialistler bileleşiginiň arasynda bolup geçdi.