21-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz
täze ýaşaýyş jaý toplumynyň hem-de welaýat merkezinde gurlan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.
Daşoguz şäheriniň howa menzilinde döwlet Baştutanymyz uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy. Howa menzilinde welaýatyň döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Belli estrada aýdymçylarynyň, tans toparlarynyň çykyşlary bu ýerde guralan dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlara we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, biz zähmetsöýer adamlaryň ýaşaýan bereketli Daşoguz topragyna mukaddes Gurban baýramynyň bellenýän sahawatly günlerinde gowy sebäp bilen geldik diýip aýtdy.
Bu gün welaýat merkezinde täze ýaşaýyş jaý toplumyny, şeýle hem döwletli döwranymyzyň şaýady, toý-baýramlarymyzyň mekany boljak «Türkmeniň ak öýi» binasyny we beýleki birnäçe desgalary dabaraly açyp, ulanmaga bereris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Milli Liderimiz hemmeleri mübärek Gurban baýramy hem-de täze binalaryň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan toýlanýandygyny belledi.
Döwlet Garaşsyzlygymyz bagtymyzyň gözbaşy, ösüşlerimiziň badalgasy, belent sepgitlerimiziň gönezligidir, halkymyzyň yhlasly zähmetiniň ylham çeşmesidir. Şoňa görä-de, bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitlerinde iri önümçilik we durmuş-medeni maksatly binalardyr desgalar yzygiderli açylyp işe girizilýär diýip, milli Liderimiz olaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Kerki şäheriniň Halkara howa menzilini, Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasyny görkezdi.
Geçen hepdede hem Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde döwrebap Halkara howa menziliniň düýbi tutulyp, welaýat merkezi Balkanabatda «Türkmeniň ak öýi» binasy dabaraly ýagdaýda açyldy.
Bu gün bolsa ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda hem birnäçe iri desgalar, ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanmaga berilýär. Amala aşyrylýan bu işleriň ählisi mähriban halkymyzyň abadançylygyna, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, berkarar döwletimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilendir.
Bu gün Daşoguz şäherinde ulanmaga berilýän 15 sany dört gatly, 368 öýli täze ýaşaýyş jaýy häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk guruldy. Olarda ýaşamak, dynç almak, çagalary terbiýelemek üçin ähli şertler döredildi. Şolardan 48 öý ýaşaýyş jaýyna mätäç adamlara niýetlenip, bina edildi diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, welaýat häkimliginiň buýurmagynda «Röwşen» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan «Türkmeniň ak öýi» binasynda hem milli binagärligiň ajaýyp däpleri bilen täze gazanan üstünlikleri aýratyn sazlaşyk döredýär. Güneşli ülkämiziň demirgazyk welaýatynyň merkeziniň barha gözelleşýän görküne görk goşjak bu bina döwletli maslahatlary we dürli halkara çäreleri geçirmäge niýetlenendir. «Ak öýde» şanly seneleri, baýramçylykdyr toý dabaralaryny, şowhunly aýdym-sazly çykyşlary, at üstündäki oýunlary guramak üçin hem ähli şertler döredildi.
Özboluşly bina bu ýerdäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezi, 10 müň orunlyk sport toplumy, «Daşoguz» myhmanhanasy ýaly kaşaň desgalardan ybarat bolan täze binagärlik toplumynyň üstüni ýetirýär. Welaýat merkeziniň binagärlik gymmatlygyna öwrülip, adamlaryň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri bolar.
Döwlet Baştutanymyz iri toplumyň ölçegleri barada aýtmak bilen, onuň üç müň orunlyk köpugurly zaldan ybaratdygyny belledi. Umumy meýdany 21 müň inedördül metre golaý bolan «Ak öýüň» beýikligi 40, ini hem 80 metre ýetýär.
Bina ýanaşyk ýerler hem doly abadanlaşdyryldy. Onuň daş-töweregine köp sanly pürli hem-de bezeg agaçlary oturdyldy.
Bu ýerde şeýle hem köpçülikleýin dabaraly çäreler geçirilýän bina ulanmaga berilýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Mahlasy, şäheriň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagyny, gezelenç etmegini talabalaýyk guramak üçin ähli şertler döredildi.
«Ak öýüň» bezeginde türkmeniň ak öýlerine mahsus bolan şekillendiriş usullary, hususan-da, haly gölleridir tärimleriň şekilleri ulanyldy. Onuň girelgesi hem milli däplerimiz esasynda bezeldi. Äpet gapynyň ýokarsynda eňsi halynyň şekili ýerleşdirildi.
Türkmeniň mukaddes ojagy bolan ak öý şekilinde gurlan bu bina halkymyzyň taryhy-medeni mirasyna aýawly garaýandygynyň, uly hormat goýýandygynyň aýdyň mysalydyr. Döwürleriň baglanyşygynyň, müňýyllyklardan gelýän milli däplerimiziň dowamatlygynyň subutnamasydyr. Öz öý-ojagyny durmuşynyň özeni hasaplan ata-babalarymyz jaý toýlaryny uludan tutupdyr, şatlyk-şowhun bilen geçiripdir. Ine, bu gün biz hem şol gadymy däbe eýerip, bu binalary dabaraly açyp, ulanmaga berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlary hem-de ähli watandaşlarymyzy mukaddes Gurban baýramy, şeýle hem Daşoguz şäheriniň görküne görk goşjak, halkymyzyň milli gymmatlygy bolan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň we täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyz çykyşyny «Gurbanlygyňyz kabul bolsun, täze jaýlar, «Ak öý» gutly-düşümli bolsun!» diýen sözler bilen jemledi.
Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, awtoulagda täze binalaryň açylyş dabaralarynyň geçirilýän ýerine tarap ugrady.
Döwrebap täze
ýaşaýyş jaý toplumy
Soňky ýyllarda tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň birnäçesi bina edilýär. Bu sebitde senagat we obasenagat toplumy, hususy telekeçilik ösdürilýär, oba ýerleriniň hojalyk düzümleri döwrebaplaşdyrylýar.
…Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy şäheriň günorta-günbatar künjegindäki Görogly köçesiniň ugrunda bina edilen ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerinde saklandy.
Hemmeler hormatly Prezidentimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.
Döwlet Baştutanymyzy çagalar joşgunly goşgy setirleri bilen garşylaýarlar. Täze gurlan döwrebap binalaryň her biriniň ýanynda ussat aýdymçylaryň we artistleriň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Olarda türkmen halkynyň toý dessurlary, ajaýyp däpleri öz beýanyny tapdy.
Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär – milli Liderimiz şowhunly el çarpyşmalaryň astynda dabaraly ýagdaýda täze ýaşaýyş toplumynyň toý bagyny kesýär.
3 gektardan gowrak meýdany bolan ýaşaýyş jaý toplumynda dört gatly jaýlaryň on bäşisi guruldy. Bu ýaşaýyş jaýlary ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki demir-beton önümleri kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi.
Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna «Derkar» hojalyk jemgyýetiniň we «Merdana doganlar» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary işjeň gatnaşdylar. Daşoguz şäheriniň bu ýaşaýyş toplumynda durmuş düzümine degişli möhüm desgalar – çagalar baglary, oýun meýdançalary göz öňüne tutulypdyr. Jaýlaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr.
Milli Liderimiz ýolugra häzirki zaman talaplaryna kybap gelýän owadan binalary synlady.
Soňra täze jaýa göçüp gelen köp çagaly bagtyýar maşgalanyň çakylygy boýunça hormatly Prezidentimiz bagtly jaý eýeleriniň öýünde myhmançylykda boldy.
Maşgalabaşy – kärendeçi Uzakbaý Esenow hormatly Prezidentimizi täze öýde garşylamagyň öz maşgalasy üçin uly mertebe hasaplaýandygyny aýtdy. Bagtly maşgalada 13 çaga – 8 ogul, 5 gyz kemala gelýär.
Hormatly Prezidentimiz täze öýleriň eýelerini jaý toýy bilen gutlap hem-de sowgatlary gowşuryp, olara täze ojakda bagtly ýaşamagy, maşgala abadançylygyny, saglyk we üstünlikleri arzuw etdi. Bilelikde surata düşülenden soň, täze öýüň eýeleri, öz nobatynda, döwlet Baştutanymyza türkmen halkynyň asylly däbine eýerip, toý düwünçegini gowşurdylar.
Soňra milli Liderimiz täze binalaryň hatary boýunça ýoluny dowam etdi.
Dabaralaryň dowamynda oňa gatnaşyjylar durmuş toýunyň şaýatlary boldular. Ýanynda dogan-garyndaşlary we köp sanly myhmanlary bolan ýaş çatynjalaryň peýda bolmagy bilen, şatlyk-şagalaňly, aýdym-sazly we tansly uly türkmen toýy ýaýbaňlandy.
«Tiz kömek» awtoulaglaryny
gowşurdy
Soňra milli Liderimiz awtoulagda «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkezine tarap ugraýar.
Şol ýerde hormatly Prezidentimizi saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri mähirli garşylaýarlar.
Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen salamlaşyp, döwletimiziň çagalaryň sazlaşykly ösmegi, olaryň saglygyny goramak we berkitmek barada hemişe alada edýändigini, bu ýörelgeleriň bolsa, döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýandygyny belledi. Milli Liderimiz biz bu maksatlar üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanýarys diýip aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şol gaznadan welaýatyň etraplarynyň we şäherleriniň çagalar hassahanalary üçin täze «Tiz kömek» awtoulaglarynyň 10-syny bermek hakynda karara gelendigini aýdyp, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine täze ulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Döwlet Baştutanymyz lukmanlar bilen söhbetdeşlikde ýurdumyzda çagalaryň saglygyny goraýyş ulgamyny degişli halkara talaplara laýyklykda hünärmenler, derman we saglygy goraýyş serişdeleri bilen yzygiderli üpjün etmek, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça zerur işleriň geçirilýändigini belledi.
Saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri milli Liderimize ýaş raýatlaryň, halkymyzyň saglygy, onuň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak barada edýän ýadawsyz aladalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan edip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin tejribelerini we bilimlerini aýamajakdyklaryna ynandyrdylar.
Soňra döwlet Baştutanymyz iri dabaralary we medeni çäreleri geçirmek üçin niýetlenen «Türkmeniň ak öýi» binasyna tarap ugrady.
Toý-baýramlarymyzyň mekany –
«Türkmeniň ak öýi» binasy
«Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada baýramçylyk ýagdaýy emele gelip, bu ýere köp sanly dabara gatnaşyjylar ýygnandylar.
Hormatly Prezidentimiz teatr artistleriniň we döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda täze taryhy döwürde aýratyn öwüşgine eýe bolan türkmen halkynyň gadymy dessurlar görnüşinde ýaýbaňlandyrylan çykyşlara tomaşa etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly ýaşulular bilen «Türkmeniň ak öýüniň» binasynyň toý bagyny kesýär. Milli Liderimiz binanyň içine girýär. Ol ýerde döwlet Baştutanymyzy çagalar joşgunly goşgulary bilen garşylaýarlar, şeýle hem çagalar milli saz gurallary topary uly ruhubelentlik bilen aýdymlary ýerine ýetirýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz binanyň bezeg aýratynlyklary hem-de umumymilli we halkara ähmiýetli dürli çäreleri, baýramçylyk dabaralaryny geçirmek üçin döredilen şertler bilen tanyşýar.
Täze binanyň içki bezegi özboluşlylygy hem-de milli öwüşgini bilen tapawutlanýar. Hususan-da, bezeg işleri ýerine ýetirilende, haly gölleri, türkmen öýüniň bezeg görnüşlerini ýatladýan şekiller ulanylypdyr.
«Türkmeniň ak öýi» binasy 3 müň adama niýetlenen sadaka jaýyny, medeni-köpçülik çärelerini guramak üçin açyk meýdançany, awtoduralgany, tehniki toplumy we beýlekileri öz içine alýan tutuş toplumdan ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiz täze bina bilen tanyşlygyny tamamlap, şanly waka mynasybetli sungat ussatlarynyň konsertiniň geçirilýän ýerine barýar.
Sungat ussatlarynyň
konserti geçirildi
«Alkyş aýdýas Arkadaga» atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa konsertiň özboluşly bezegi boldy. Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň artistleriniň hem-de welaýatyň birleşen folklor we tans toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren bu aýdymy Gahryman Arkadagymyza hakyky ählihalk söýgüsiniň we buýsanjynyň beýanyna öwrüldi.
Giňişleýin konsert maksatnamasynda häzirki zaman türkmen sungatynyň ýeten belent derejesi, onuň örän köp dürli ugurlary şöhlelendirildi. Çykyşlaryň her biri ýokary döredijilik häsiýetine eýe bolup, tomaşaçylaryň ruhuny galkyndyrdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ajaýyp çykyşlaryny baýramçylyk konsertine gatnaşyjylar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Umumadamzat medeni baýlygynyň bölegi hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilen hem-de milli medeniýetiň sazlaşygyny we ruhuny özünde jemleýän «küştdepdi» tansy däp bolşy ýaly, täsirli çykyşlaryň birine öwrüldi. Ol welaýatyň döredijilik toparlary tarapyndan aýratyn joşgun bilen ýerine ýetirildi.
Çärä gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Watanyň buýsanjy eziz Arkadag» atly aýdym bolsa dabaranyň jemleýji pursadyna öwrüldi. Ol tomaşaçylaryň kalbyny milli Liderimiziň baştutanlygynda ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyza buýsanç duýgusy bilen gurşap aldy.
Konsert tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ajaýyp wakanyň şanyna Daşoguzda gurlan «Türkmeniň ak öýi» binasyna täze awtobusy sowgat berdi.
Soňra milli Liderimiz bu ýerde baýramçylyk sadakasyna gatnaşdy.