Tämizlik äh­li ýer­de ze­rur­dyr. Aras­sa­çy­lyk iş­le­ri­ni dog­ry ge­çir­mek ar­ka­ly ham­ma­my­ňy­zyň hem gö­ze ýa­kym­ly we tä­miz gö­rün­me­gi­ni ga­za­nyp bi­ler­si­ňiz. Mu­nuň üçin me­bel­le­riň, ha­jat­ha­na­nyň we beý­le­ki zat­la­ryň aras­sa bol­ma­gy ze­rur­dyr. Ham­mam­da aras­sa­çy­lyk iş­le­ri­ni ge­çir­me­giň kä­bir düz­gün­le­ri­ni dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris:

Arassaçylyga baş­la­maz­dan ozal re­zin el­lik ge­ýiň! Soň­ra diş çot­ga­sy, şam­pun, sa­byn, desmal ýa­ly zat­la­ry ham­mam ota­gyn­dan çy­ka­ryň! Pen­ji­re­le­ri we ga­py­la­ry açyň, öýüň içi­ni, ham­ma­my ýe­le­ji­re­diň!

Ha­jat­ha­na­da we ham­mam­da aras­sa­çy­lyk iş­le­ri­ni ge­çi­re­ni­ňiz­de ýö­ri­te ni­ýet­le­nen se­riş­de­le­ri ulan­mak mas­la­hat be­ril­ýär. Ola­ry gör­kez­me­le­ri­ne la­ýyk ulan­mak bak­te­ri­ýa­la­ry ýok et­mä­ge ýar­dam eder.

Ham­mam ota­gyn­da esa­sy gö­ze il­ýän zat­lar di­war­la­ryň, aý­na­la­ryň we po­luň aras­sa­ly­gy­dyr. Eger-de di­war­la­ry­ňyz we po­lu­ňyz ka­fel­den bol­sa, on­da bu işe aý­ra­tyn se­re­sap­ly­lyk bi­len çe­me­leş­me­li. Ýö­ri­te ýu­wu­jy se­riş­de we es­gi ula­nyl­ma­sa, ka­fe­liň çy­zyl­ma­gy­na se­bäp bo­lup bi­ler.

Hammam aras­sa­çy­ly­gy­ ra­ko­wi­na­lar­dan baş­lan­ma­ly. Ak ra­ko­wi­na­la­ry aras­sa­la­ny­ňyz­dan soň, ýal­pyl­dad­ýan su­wuk­lyk­lar bi­len sü­pü­riň!

Hajathanany aras­sa­la­mak üçin bak­te­ri­ýa­la­ra gar­şy tä­sir­li aras­sa­laý­jy su­wuk­lyk­la­ry ulan­ma­ly. Ýal­pyl­da­dy­jy hä­si­ýet­li su­wuk­lyk­la­ry iň so­ňun­dan ulan­mak ýer­lik­li bo­lar. Bak­te­ri­ýa­la­ryň iň köp top­lan­ýan ýe­ri bo­lan ha­jat­ha­na­la­ry yzy­gi­der­li aras­sa­la­ma­ly we bu işe hem üns­li çe­me­leş­me­li­dir.

Unut­maň, aras­sa­çy­lyk – sag­ly­gyň gi­re­wi­dir!