Tokio 2020-de ilkinji rekordlar hem hytaýly türgenler tarapyndan hasaba alyndy. Zenanlaryň arasynda agyr atletika boýunça 49 kg agram ýaryşynda altyn medaly eýelän dünýä rekordynyň eýesi Hi Çihui birbada götermekde 94 kg agram bilen Olimpiýa rekordyny täzeledi. Ol itekläp götermekde-de 116 kg agramy galdyryp, bu ugurda-da Olimpiýa rekordyny goýdy. Onuň umumy galdyran agramy 210 kg deň bolup, bu görkeziji-de Olimpiýa rekordy hökmünde hasaba alyndy. Hi Çihui umumylykda dünýä rekordynyň hem eýesidir. Zenanlaryň arasynda 49 kg agramda  itekläp götermekde dünýä rekordynyň eýesi hindistanly Saikom Mirabai Çanu (87-115—202) 2-nji, indoneziýaly Windi Kantika Aýsa ( 84-110-194) 3-nji ýeri eýeledi.