Tokio 2020-de ýüzmek boýunça bäsleşikler ýokary depginde dowam edýär. Erkekleriň arasynda 200 metr kebelekleýin ýüzmekde wengriýaly Kristof Milak altyn medal gazandy. 21 ýaşly ýüzüji 1 minut 51,25 sekuntlyk görkeziji bilen Olimpiýa rekordyny goýup, çempion bolmagy başardy. Bu ugurda ozalky rekord rowaýaty ýüzüji Maýkl Felpse degişlidi. Amerikaly ýüzüji Pekin 2008-de 1:52,03 minutda pellehana gelipdi. Ýeri gelende aýtsak, Milak bu ugurda dünýä rekordynyň hem eýesi bolup, ol 2019-njy ýylda 1:50,73 minutlyk wagt bilen rekord goýupdy.
Tokio 2020-de 200 metr kebelekleýin bäsleşikde kümüş medaly ýaponiýaly Tomoru Honda, bürünç medaly-da italiýaly Federiko Burdisso eýeledi.