28-nji iýul­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Türk­me­nis­tan­da tä­ze bel­le­nen Adat­dan
da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Ah­med Al­haý Ha­mad Ha­mis Al Ha­me­li­ni ka­bul et­di. Myh­man döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ynanç ha­ty­ny gow­şur­dy.

Dip­lo­mat wagt ta­pyp ka­bul eden­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, milli Liderimize Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Prezidenti Şeýh Ha­li­fa bin Za­ýed Al-Na­haý­ýa­nyň we BAE-niň şeýh­ler maş­ga­la­sy­nyň ag­za­la­ry­nyň döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ibe­ren mä­hir­li sa­la­my­ny we hoş­ni­ýet­li ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di. Ol öz ýur­du­nyň umu­my bäh­bit­le­re la­ýyk gel­ýän ne­ti­je­li döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ra yg­rar­ly­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. Il­çi he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­ne da­ýan­ýan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li, dö­re­di­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty alyp bar­ýan we dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan saz­la­şyk­ly ösüş ýo­lu­na dü­şen Türk­me­nis­tan­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­ne we­kil­çi­lik et­me­giň özi üçin uly hor­mat­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mä­hir­li söz­ler üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak we deň­hu­kuk­ly, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­ga esas­lan­ýan türk­men-emir­lik­ler gat­na­şyk­la­ry­nyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň ýo­ka­ry ýol­baş­çy dü­zü­mi­ne hoş­ni­ýet­li söz­le­ri­ni ýol­lap, dip­lo­ma­ty bu jo­gap­kär­li we­zi­pä bel­len­me­gi bi­len gut­la­dy we oňa bi­le­lik­dä­ki iş bo­ýun­ça köp­ýyl­lyk tej­ri­bä hem-de dür­li ugur­lar­da ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­re da­ýan­ýan iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­mak­da üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň gel­je­gi ba­ra­da gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän pi­kir alyş­ma­lar bol­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, soň­ky ýyl­lar­da, ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len du­şu­şyk­la­ryň we gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da, şol san­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2018-nji ýyl­da BAE bo­lan res­mi sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de uzak möh­let­le­ýin esas­da ýo­la goý­lan türk­men-emir­lik­ler gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek üçin yg­ty­bar­ly bin­ýa­dyň bar­dy­gy bel­le­nil­di.
Şu ýy­lyň iýun aýyn­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry S.Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­met we­ki­li­ýe­ti­niň BAE bo­lan iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de, söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­me­giň, öza­ra ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­gyň, bi­le­lik­dä­ki ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň me­se­le­le­ri­niň ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ma­gy döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­ni üp­jün et­di. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ga­za­ny­lan yla­la­şyk­lar, şeý­le hem Abu-Da­bi­niň Ösüş gaz­na­sy­nyň baş di­rek­to­ry bi­len bo­lan du­şu­şy­gyň jem­le­ri bo­ýun­ça bir­nä­çe iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ra gol çe­kil­me­gi sa­pa­ryň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bo­lan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Şeý­le­lik­de, BAE-de ge­çi­ri­len gep­le­şik­ler ta­rap­la­ryň stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­ga bo­lan yg­rar­ly­ly­gy­ny ýe­ne bir ýo­la tas­syk­la­ýar.
Bal­kan we­la­ýa­tyn­da sa­gat­da 100 ýo­lag­ça hyz­mat et­mä­ge müm­kin­çi­li­gi bo­lan tä­ze Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň gur­lu­şy­gy­na gi­ri­şil­me­gi BAE bi­len ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Bu top­lu­myň gur­lu­şy­gy Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Abu-Da­bi­niň Ösüş gaz­na­sy­nyň ara­syn­da bag­la­şy­lan de­giş­li yla­la­şy­gyň esa­syn­da ma­li­ýe­leş­di­ril­ýär. «Al­tyn asyr» Türk­men kö­lü­niň çä­gin­de kuw­wa­ty 10 me­ga­wat bo­lan döw­re­bap Gün-ýel elekt­rik be­ke­di­niň gur­lu­şy­gy­nyň tas­la­ma­sy­ny ama­la aşyr­mak üçin emir­lik­ler ta­ra­py­nyň ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri­ni çek­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Bar bo­lan ägirt uly kuw­wa­ty na­za­ra ala­nyň­da, ener­ge­ti­ka, ulag we ara­gat­na­şyk, se­na­gat, oba ho­ja­ly­gy, gur­lu­şyk, öň­de­ba­ry­jy yl­myň ga­za­nan­la­ry­ny, tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, şol san­da ener­gi­ýa­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän çeş­me­le­ri­ni peý­da­lan­mak ýa­ly mö­hüm ugur­da­ky ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin amat­ly müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça Bi­le­lik­dä­ki ko­mi­te­tiň işi­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Du­baý şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek no­bat­da­ky Bü­tin­dün­ýä «EKS­PO» ser­gi­si­ne gat­naş­jak­dy­gy nyg­tal­dy.
Me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­da­ky hyz­mat­daş­lyk döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Ah­med Al­haý Ha­mad Ha­mis Al Ha­me­li türk­men-emir­lik­ler gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne yzy­gi­der­li gol­daw ber­ýän­di­gi üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ho­şal­lyk bil­di­rip, özü­niň ne­ti­je­li döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge, iki ýur­duň halk­la­ry­nyň ara­syn­da­ky dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ber­ki­dil­me­gi­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy.