Elektroulag önümçiligi bilen meşgullanýan «Tesla» kompaniýasynyň girdejisi şu ýylyň ikinji çärýeginde garaşylandan örän ýokary boldy. Kompaniýa aprel-iýun aýlary aralygynda 200 müňden gowrak ulag satypdyr. Bu döwürde kompaniýa 1,1 milliard dollar arassa peýda gazanandygyny mälim etdi. Şeýlelikde, kompaniýa ilkinji gezek çärýeklik peýdada 1 milliard dollar sepgidinden geçdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 104 million dollar bolan eken. Geçen ýylky görkezijiniň pes bolmagyna dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäp bolupdyr. Pandemiýanyň yzda galmagy bilen adamlaryň awtoulaga bolan islegi ýokarlanýar. Elektroulag öndüriji kompaniýanyň geçen ýylyň ikinji çärýeginde 0,44 dollar bolan her bir paýnamasynyň bahasy häzirki wagtda 1,45 dollara ýetipdir.