Tokioda dowam edýän XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryny serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç medalsyz tamamlady. Möwsümdäki ilkinji 3 Uly tuwulgada çempion bolup, Golden Grand Slam gazanmak ugrunda uly mümkinçilige eýe bolan Jokowiç ýekeleýin ýaryşyň ýarym finalynda germaniýaly Aleksander Zwerewden asgyn geldi. Bürünç medal ugrundaky duşuşykda-da Jokowiç ispaniýaly Pablo Karreno Bustandan utuldy (6:4, 6:7, 6:3). Tokio 2020-ä altyn medal üçin gelen Jokowiç partnýory Nina Stoýanowiç ikisi garyşyk jübütlerde-de ýarym finalda russiýaly tennisçilerden (Ý. Wesnina, A. Karasew) ýeňildi. Garyşyk jübütleriň bürünç medal duşuşygynda-da ol partnýory bilen awstraliýaly Eşli Barti hem-de Jon Pirsden utuldy.