«Air Service One» at­ly mas­la­hat be­riş kom­pa­ni­ýa­sy­nyň bi­ler­men­le­ri­niň taý­ýar­lan mag­lu­ma­ty­na gö­rä, Ýew­ro­pa­da­ky ho­wa men­zil­le­ri­niň hyz­mat ed­ýän ýo­lag­çy­la­ry­nyň sa­ny üýt­gäp­dir. To­mus pas­ly­nyň do­wam ed­ýän şu gün­le­rin­de sy­ýa­hat­çy­lyk ýer­le­rin­dä­ki ho­wa men­zil­le­ri­niň ýo­lag­çy­la­ry gör­ne­tin ar­typ­dyr. Iýun aýyn­da bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri Ýew­ro­pa­da iň köp ýo­lag­ça hyz­mat ed­ýän Lon­do­nyň Hit­rou ho­wa men­zi­li aşa­ky orun­la­ra dü­şüp­dir. Ýo­lag­çy­la­ra hyz­mat et­mek­de Tür­ki­ýä­niň An­tal­ýa, Rus­si­ýa­nyň So­çi we Is­pa­ni­ýa­nyň Pal­ma ho­wa men­zil­le­ri uly ösüş ga­za­nyp­dyr. Pa­ri­žiň Or­li we Afi­ny­nyň hal­ka­ra ho­wa men­zil­le­ri hem Hit­rou­dan öňe ge­çip­dir. Tran­sat­lan­tik uçuş­la­ryn­da ho­wa gä­mi­le­ri­niň esa­sy dü­şel­ge­si bo­lan Lon­do­nyň ho­wa men­zi­li il­kin­ji
15-li­ge gi­rip bil­män­dir. Bir aýyň do­wa­myn­da ýo­lag­çy gat­na­wyn­da Mosk­wa­nyň Şe­re­met­ýe­wo ho­wa men­zi­li bi­rin­ji, Stam­bu­lyň tä­ze ho­wa men­zi­li ikin­ji, Rus­si­ýa­nyň paý­tag­tyn­da­ky Do­mo­de­do­wo ho­wa men­zi­li üçün­ji bo­lup­dyr. Dör­dün­ji ýe­ri Stam­bul­da­ky Sa­bi­ha Gök­çe­niň ady­ny gö­ter­ýän ho­wa men­zi­li eýe­läp­dir. Sa­naw­da bu­lar­dan soň­ky ho­wa men­zil­le­ri­niň hyz­mat eden ýo­lag­çy­la­ry­nyň sa­ny il­kin­ji dört­lü­ge ga­ra­nyň­da az hem bol­sa, öz ara­la­ryn­da bi­ri-bi­ri­ne ga­ty ýa­kyn bo­lup, olar – Sankt-Pe­ter­burg, Frank­furt, An­tal­ýa, Mad­rid, Mosk­wa Wnu­ko­wo, Pa­riž Şarl-de-Goll we Ams­ter­dam ho­wa men­zil­le­ri­dir.
Hit­rou ho­wa men­zi­li 2019-njy ýyl­da her gün­de or­ta­ça 7 mil­li­on ýo­lag­ça hyz­mat edip­dir.

Leýla Muhammedowa,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.