Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň äh­li yk­dy­sa­dy pu­dak­la­ry bi­len bir ha­tar­da bank ul­ga­myn­da hem giň ge­rim­li öz­gert­me­ler yzy­gi­der­li ama­la aşy­ryl­ýar. Bank ul­ga­myn­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­jeň ulan­mak, elekt­ron res­mi­na­ma do­la­ny­şyk ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, mag­lu­mat howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek we beý­le­ki ugur­lar bo­ýun­ça ze­rur en­jam­la­ry, prog­ram­ma üp­jün­çi­lik­le­ri­ni or­naş­dyr­mak iş­le­ri ama­la aşy­ryl­ýar.
«Türk­me­nis­tan­da 2019-2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­na» la­ýyk­lyk­da, ýur­du­myz­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek bi­len bag­ly iş­ler mak­sat­na­ma­la­ýyn esas­da al­nyp ba­ryl­ýar. Ila­tyň bank ul­ga­my­na bo­lan yna­my­ny art­dyr­mak, karz aly­jy­la­ryň we go­ýum­çy­la­ryň bäh­bit­le­ri­ni go­ra­mak mak­sa­dy bi­len, bank­la­ryň ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk bin­ýa­dy yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär. Yg­ty­bar­ly we döw­re­bap ha­sap­la­şyk ul­gam­la­ry­nyň he­re­ke­ti­ni üp­jün et­mek, şeý­le hem pul se­riş­de­le­ri­niň ýer­leş­di­ri­li­şi­ni ka­da­laş­dyr­mak ar­ka­ly ma­li­ýe ba­za­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek Türk­me­nis­ta­nyň pul-karz sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­ma­gyň mö­hüm şer­ti bo­lup çy­kyş ed­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da «In­ter­net-bank», «Mo­bil-bank», «Elekt­ron söw­da», «Halk­bank ter­mi­nal» ul­gam­la­ry ar­ka­ly bank hyz­mat­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bank işi­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Bu ugur­da prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­niň ýe­ter­lik­li de­re­je­de al­nyp ba­ryl­ma­gy, bank­la­ryň in­ter­net sa­hy­pa­la­ry­nyň bar­ha kä­mil­leş­di­ril­me­gi tä­ze ýo­la goý­lan hyz­mat­lar ba­ra­da müş­de­ri­le­riň ha­bar­dar bol­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär.
Tä­ze in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­mak ar­ka­ly ge­çi­ril­ýän bank tö­leg­le­ri, ha­sap­la­şyk ul­ga­myn­da kä­bir ýe­ňil­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi wag­ty tyg­şyt­la­mak bi­len bir­lik­de hyz­mat­la­ryň hi­li­niň yzy­gi­der­li go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy­na hem oňyn tä­sir ed­ýär.
Bank kart­la­ry­nyň üs­ti bi­len nagt däl tö­leg­le­riň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek, hi­li­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­re my­sal hök­mün­de aw­to­bus­la­ryň pe­tek­le­ri üçin tö­leg­le­ri, poç­ta, söw­da we jem­gy­ýet­çi­lik iý­mi­ti, ara­gat­na­şyk, ýa­şa­ýyş jaý, je­ma­gat hyz­mat­la­ry­nyň, sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry­nyň hyz­mat­la­ry­nyň, aw­tou­lag ýan­gy­jy, te­bi­gy gaz, elekt­rik to­gy, agyz su­wy üçin tö­leg­le­ri, kar­zyň esa­sy ber­gi­si­ni we oňa ha­sap­la­nan gö­te­rim­le­ri­ni tö­le­mek we beý­le­ki­le­ri gör­kez­mek bo­lar. «In­ter­net-bank» hem-de «Mo­bil-bank» hyz­mat­la­ry müş­de­ri­niň bank amal­la­ry­na we hyz­mat­la­ry­na bo­lan is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga, şol san­da, pul ge­çi­rim­le­ri­ni ýe­ňil­leş­dir­mä­ge hem-de çalt­lan­dyr­ma­ga, ge­çi­ril­ýän amal­la­ryň yzy­gi­der­li­li­gi ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­ga, ha­sap­la­şyk­lar ge­çi­ri­len­de wag­ty tyg­şyt­la­ma­ga amat­ly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Hä­zir­ki wagt­da «Al­tyn asyr» bank kar­ty­nyň eýe­le­ri öz hyz­mat ed­ýän bank­la­ry­nyň in­ter­net sa­hy­pa­la­ry­na gir­mek ar­ka­ly bank kart­la­ry­ny öz­baş­dak «In­ter­net-bank» hyz­ma­ty­na bi­rik­di­rip bil­ýär. Şeý­le hem in­ter­net ul­ga­my­nyň üs­ti bi­len öý­le­rin­den çyk­man ha­ryt­lar we hyz­mat­lar üçin tö­leg­le­ri, ýag­ny, dür­li egin-eşik­le­ri, elekt­ro­ni­ka we ho­ja­lyk ha­ryt­la­ry üçin in­ter­net ul­ga­my­nyň üs­ti bi­len öz­baş­dak saý­lap, tö­läp hem-de ola­ry sa­tyn alyp bil­ýär­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gyç­la­ry bi­len mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dür­li pu­dak­la­ry­na tä­ze san­ly in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň de­giş­li karz eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan «Türk­men­de­mir­ýol­la­ry», «Türk­me­naw­tou­lag­la­ry» hem-de «Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry» agent­lik­le­ri bi­len bi­le­lik­de bank kart­la­ry­ny ula­nyp, de­mir­ýol pe­tek­le­ri­ni hem-de şä­he­ra­ra ugur­lar­da gat­na­ýan aw­to­bus­lar­da pe­tek­le­ri in­ter­net ul­ga­my­nyň üs­ti bi­len nagt däl gör­nü­şin­de sa­tyn al­maga müm­kin­çi­li­k dö­re­dil­di.
2021-nji ýy­lyň 1-nji iýu­ly­na çenli Türk­me­nis­ta­nyň «Türk­me­nis­tan» döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky ta­ra­pyn­dan do­la­ny­şy­ga goý­be­ri­len bank kart­la­ry­nyň sa­ny 906,1 mü­ňe ýet­di, tö­leg ter­mi­nal­la­ry­nyň sa­ny bol­sa 8 müň­den geç­di.
2021-nji ýy­lyň 1-nji iýu­lyna çenli bank ta­ra­pyn­dan hö­dür­le­nil­ýän «In­ter­net-bank» hyz­ma­ty­na bi­rik­di­ri­len müş­de­ri­le­riň sa­ny 212,4 müň­den geç­di, «Mo­bil-bank» hyz­ma­ty­na bi­rik­di­ri­len­le­riň sa­ny bol­sa 8,1 mü­ňe ýet­di. Bu gör­ke­zi­ji­ler san­ly hyz­mat­lar­dan peý­da­lan­ýan il­deş­le­ri­mi­ziň gün­sa­ýyn art­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär.
Bank kart­la­ry ar­ka­ly ge­çi­ril­ýän nagt däl ha­sap­la­şyk­la­ryň ge­ri­mi­niň we müm­kin­çi­lik­le­ri­niň gi­ňel­dil­me­gi, bank kart­la­ry­na bo­lan is­le­giň ýo­kar­lan­ma­gy­na hem-de ge­çi­ril­ýän nagt däl ha­sap­la­şyk­la­ryň ge­ri­mi­niň has-da art­ma­gy­na ge­ti­rip, ýur­du­my­zyň pul do­la­ny­şy­gy­nyň ne­ti­je­li he­re­ket et­me­gi­ne my­na­syp go­şan­dy­ny goş­ýar.
Ýur­du­my­zyň dur­nuk­ly ös­me­gi­niň, bar­ha kuw­wat­lan­ma­gy­nyň ha­ty­ra­sy­na ýaş­la­ryň giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, aň-dü­şün­je­li, oý­lap ta­py­jy we dö­re­di­ji bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri ösüp gel­ýän ýaş nes­le bil­di­ril­ýän ta­lap­dyr. Döw­re­bap san­ly bank hyz­mat­la­ry­nyň gi­ri­zil­me­gi ýur­du­my­zyň ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti şert­le­rin­de söw­da we hyz­mat ul­gam­la­ryn­da bäs­deş­li­giň art­ma­gy­na uly iter­gi ber­ýär hem-de tä­ze döw­re­bap in­no­wa­si­on san­ly bank teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň bank­la­ra or­naş­dy­ryl­ma­gy bi­len, tä­ze bank hyz­mat­la­ry­nyň ula­ny­şa gi­ri­zil­me­gi, san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň bäh­bit­li ýol­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de yk­rar edil­me­gi aly­jy­la­ryň we sa­ty­jy­la­ryň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň, müş­de­ri­le­re edil­ýän san­ly hyz­mat­la­ryň hi­li­niň ýo­kar­lan­ma­gy­ny we ola­ryň bar­ha kä­mil­leş­me­gi­ni üp­jün ed­ýär.
«Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da ýur­du­my­zyň karz eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan yzy­gi­der­li ila­ta hö­dür­len­ýän tä­ze döw­re­bap san­ly bank hyz­mat­la­ry­nyň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek­de giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li, döw­let äh­mi­ýet­li alyp bar­ýan iş­le­ri he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Ogul­na­bat Aşi­ro­wa,
Türk­me­nis­ta­nyň «Türk­me­nis­tan» döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň «Ke­se­ar­kaç» şa­ham­ça­sy­nyň
Karz­laş­dy­ryş we ha­sa­bat bö­lü­mi­niň
baş­ly­gy­nyň we­zi­pe­si­ni wagt­la­ýyn
ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji.