Tokio 2020-de häzirlikçe 3 ýurt ilkinji Olimpiýa medalyny gazandy. Olaryň ilkinji Türkmenistan bolup, Polina Gurýewa agyr atletikada kümüş medala mynasyp bolupdy. Soňlugy bilen Ýewropanyň kiçi ýurtlarynyň biri San Marino hem Olimpiýa medally ýurtlaryň hataryna goşulypdy. Alessandra Perilli nyşana ok atmagyň trep görnüşinde ýekeleýin ýaryşda bürünç, toparlaýyn bäsleşikde-de partnýory Jan Marko Berti bilen kümüş medal gazanypdy. Şu gün bolsa ýene bir ýurt ilkinji Olimpiýa medalyny gazandy. Ol Afrika yklymyna wekilçilik edýän Burkino Faso döwleti bolup, erkekleriň arasynda üçürdikläp bökmekde Hýug Fabris Zango 17,47 metrlik görkeziji bilen bürünç medaly eýeledi. Şeýlelikde, Olimpiýa medalyny gazanyp bilmedik ýurtlaryň sany 68-e düşdi.