5-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlary Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn sammitine taýýarlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkiýäniň Prezidenti awgust aýynda Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tutulan üçtaraplaýyn sammiti Türkiýe Respublikasynda adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getiren pajygaly tokaý ýangynlary sebäpli yza süýşürmek barada teklip etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti bu teklibi düşünmek bilen kabul edýändigini belläp, türk kärdeşine hem-de doganlyk türk halkyna gynanjyny, gurban bolanlaryň ýakynlaryna medet beriji sözlerini beýan etdi.

Prezidentler döwletara gepleşikleriniň giňeldilmegine gyzyklanmalaryny tassyklap, özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.