“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Prezidentleriniň ikiçäk duşuşygy boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ikiçäk duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň sebit hyzmatdaşlygyny has-da berkitmekde nobatdaky möhüm tapgyr bolup durýandygy bellenildi.
Prezidentler sebit we halkara meselelerini, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşdylar.
Iki ýurduň Prezidentleri täze taslamalaryň ilerledilmegi, sebitleriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi, iki ýurduň arasyndaky işewür wekilleriniň gatnaşyklarynyň ilerledilmegi babatda pikir alyşdylar.
Ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleleri ara alnyp maslahatlaşylyp, Günorta Aziýa we Günorta Kawkaz geçelgeleri arkaly täze bazarlara çykmagyň ugurlary maslahatlaşyldy.
Hökümetara toparyň nobatdaky mejlisini hem-de işewürler geňeşini geçirmek babatda ylalaşyldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň hem ikiçäk duşuşygy geçirildi.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde ikiçäk duşuşyklaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.