 Barselona bilen ýoluny aýran Lionel Messi transfer gürrüňlerini uzaga çektirmän dessine Pariže gelip, PSŽ bilen şertnama baglaşdy. 34 ýaşyndaky super ýyldyz parižliler bilen ilki başda 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. Bu şertnamanyň möhleti ýagdaýa görä seredilip, ýene-de bir ýyl uzaldylyp bilner. Argentinaly futbolçy parižlilerden ýyllyk ähli çykdajylar (sargytlary…) aýrylanda, 35 million ýewro möçberinde hak alar. 21 ýyllyk Barselonadaky durmuşyny tamamlap, PSŽ-e gaýdan Messi täze klubunda 30-njy belgili köýnekçäni geýer. Mälim bolşy ýaly ol Barselonada-da ilkinji ýyllarynda 30-njy belgili köýnekçäni geýýärdi. PSŽ-de 10-njy belgili köýnekçede Neýmaryň çykyş edýändigini belläliň.

 PDF
 PDF 