Golaýda Britan neşiri «Express» artrit (bogunlaryň çişmesi) alamatlaryny aýyrmaga we süňkleri berkitmäge kömek edip biljek önümleriň sanawyny çap etdi. Bu keseliň alamatlary, köplenç, hereket etmäge päsgel berýän bogunlardaky agyry we çişme bolup durýar. Şeýle-de bolsa, gündelik iýmitiňize birnäçe iýmit goşmak, agyrynyň artmak töwekgelçiligini ep-esli azaldyp biler. Belli bolşuna görä, artrit dünýäde iň köp ýaýran hroniki keselleriň biridir.
Neşirde zeýtun ýagynda ýürek üçin peýdaly ýaglaryň saklanýandygy bellenilýär, çünki onuň häsiýetleri adaty wirusa garşy dermanlara meňzeýär. Awakado we saflor ýaglary gandaky holesteriniň derejesini peseltmäge kömek edip biler. Brokkoli süýji keseli üçin has peýdalydyr, sebäbi onda artritde agyryny azaldyp bilýän sulforafan ýaly birleşme bar.
Şeýle hem iýmit sanawyňyza az ýagly süýt, gatyk, peýnir ýaly önümleri goşmaly. Olarda süňküň berkleşmegine goşant goşýan kalsiý we D witamini bar. Bulardan başga-da, kalsiý we D witaminine baý bolan ýaprakly gök önümleri iýip bilersiňiz.
C witaminine baý sitrus miwelerini we kösüklileri iýmek hem peýdaly. Bular sagdyn süýüme we mikroelementlere baý bolmakdan başga-da, myşsalaryň saglygy üçin möhüm belok çeşmesidir.
C witaminine baý bolan sitrus miweler çişme artritinden goranmaga kömek edýär we süňkleri berkidýär.
Noýba. Noýbada C reaktiw belok derejesini peseltmäge kömek edýän ýokumly kletçatka bar. Noýba myşsanyň saglygy üçin möhüm bolan ajaýyp we arzan belok çeşmesidir.
Begenç BÄŞIMOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.