Üzüm ýürek bilen baglanyşykly nähoşlugy bar adamlara juda peýdaly miweleriň biridir. Muny amerikan kardiologlary tassyklaýarlar. Lukmanlar üzümiň ýürek myşsalarynyň işiniň has gowulaşmagyna ýardam berýändigini, kähalatlarda bolsa, dermandan hem gowy täsir edýändigini mälim etdiler. Barlag geçirijiler ýüregagyryly nähoşlar derman ulanmagyň ýerine, üzüm iýseler, has täsirli boljakdygyny öňe sürdüler. Esasan hem, üzümiň antioksidantlaryň derejesini ep-esli artdyryp, damarlardaky ýagly öýjükleriň mukdaryny pese düşürýändigi belli bolupdyr.
– Biz üzümiň dürli görnüşlerinde peýdaly häsiýetleri ýüze çykardyk. Şeýle-de, gan basyşyny we süýjüligiň derejesini köp sanly miweleriň we bakja önümleriniň pese düşürýändigini anykladyk. Üzümiň ýürek myşsalaryna gös-göni oňaýly täsir edýän miweleriň biridigi hem belli boldy – diýip, bu barlagyň awtorlary aýtdylar.
Üzümiň şeýle artykmaçlygy beýleki geçirilen barlaglarda hem tassyklandy. Şeýle-de ýürek-damar ulgamynyň işine üzümiň düzümindäki polifenol birleşigiň has aýratyn täsir edýändigi ýüze çykaryldy. Bu miwäniň bedendäki madda çalşygynda we süýjükesel ýaly howply nähoşluklarda iň oňat miweleriň biridigi geçirilen barlaglarda tassyklandy.