ÝU­NES­KO-nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. Hy­ta­ýyň Fuç­žou şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň 44-nji mej­li­sin­de bu gu­ra­ma­nyň ko­mi­te­ti Eý­ra­nyň mil­li de­mir ýo­lu­ny ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na goş­dy. «De­mir­ga­zyk-Gü­nor­ta de­mir­ýo­ly» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan Eý­ra­nyň mil­li de­mir ýo­lu­nyň uzyn­ly­gy 1400 ki­lo­met­re deň­dir. Eý­ran de­mir ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy­nyň baş­lan­gy­jy 1926-njy ýyl­da tas­syk­la­nyp, bir ýyl­dan soň eý­ran­ly, ne­mes we ame­ri­kan in­že­ner­le­ri onuň 1394 ki­lo­metr­lik bö­le­giniň gur­lu­şy­gy­na baş­la­dy­lar.

Gün elekt­rik be­ke­di­ni gu­rar. Hin­dis­ta­nyň iň uly NTPC ener­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy Gu­ja­rat we­la­ýa­tyn­da 4,75 GWt Gün par­ky­ny gur­ýar. Mu­nuň Hin­dis­tan­da­ky iň uly des­ga­dy­gy ha­bar be­ril­ýär. Tas­la­ma hö­kü­me­tiň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa stan­si­ýa­la­ry­ny gur­ma­gy mak­sat edin­ýän «Ult­ra Me­ga Re­ne­wab­le Ener­gy Po­wer Park» (UM­REPP) mak­sat­na­ma­sy­nyň çä­gin­de dur­mu­şa ge­çi­ri­ler. Gün elekt­rik stan­si­ýa­sy Tar çö­lün­de ýer­le­şer. Tä­ze Gün elekt­rik stan­si­ýa­sy 30 müň MWt «Tä­ze­le­nip bil­ýän ener­gi­ýa par­ky­nyň» bir bö­le­gi bo­lar.

Ho­wa­dan agyz su­wy alyn­ýar. Gu­rak se­bit­le­riň ýa­şaý­jy­la­ry ho­wa­dan suw al­mak üçin ni­ýet­le­nen tä­ze teh­no­lo­gi­ýa bi­len suw­suz­lyk­dan ha­las bo­lar. Ony 82 ýaş­ly is­pa­ni­ýa­ly in­že­ner En­ri­ke Wei­ga oý­lap tap­dy. Aly­myň bu en­ja­my suw al­mak üçin bir­nä­çe ki­lo­metr ýol sök­me­li bolýan adam­la­ra ni­ýet­le­nen­dir. En­jam so­wa­dy­jy­nyň ýö­rel­ge­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da iş­le­ýär. Ho­wa su­wa öw­rül­ýän­çä ony elekt­rik bi­len so­wad­ýar­lar. En­jam 50-75 litr suw ön­dür­mä­ge ukyp­ly bolup, uly gör­nüş­le­ri has köp suw ön­dür­ýär. Tä­ze teh­no­lo­gi­ýa pes çyg­ly­lyk­da we aşa ýo­ka­ry ys­sy­da hem suw ön­dür­ýär.

Aý­dym-saz­lar Ark­ti­ka­da sak­la­nar. Nor­we­gi­ýa­da aý­dym-saz­la­ry sak­la­mak üçin ni­ýet­le­nen des­ga 300 metr çuň­luk­da ýer­le­şer. Bu ýer­de iň azyn­dan müň ýyl­lap aý­dym-saz eser­le­ri sak­la­nar. Ar­hiw­ler çy­dam­ly op­ti­ki plýon­ka­da ýa­zyl­ýar. Dö­re­di­ji­ler müm­kin bol­du­gy­ça dür­li aý­dym-saz­la­ry – «The Be­at­les»-iň eser­le­rin­den baş­lap, Awst­ra­li­ýa­nyň ýer­li halk­la­ry­nyň aý­dym­la­ry­na çen­li sak­la­mak is­le­ýär­ler. Beýleki ýurt­lar haý­sy aý­dym­la­ryň sa­na­wa go­şul­ma­ly­dy­gy ba­ra­da­ky pi­kir­le­ri­ni we is­leg­le­ri­ni be­ýan edip bi­ler­ler. Mu­nuň üçin eýýäm Hal­ka­ra aý­dym-saz ge­ňe­şi dö­re­dil­di.