Tomusda güneş äýnekleriniň ulanylyş gerimi barha giňeýär we onuň dürli görnüşleri öndürilýär. Mümkin boldugyça, bu pasylda howanyň aşa gyzýan wagty daşaryk çykmazlyk maslahat berilýär. Emma mejbury ýagdaýda daşaryk çykmaly bolanymyzda hem açyk reňkli egin-eşikleri we başgap geýmek ýa-da saýawan ulanmak, Günden goraýjy äýnekleri dakmak zerurdyr. Gün şöhlesinden goranmak üçin dakylýan äýnek gözümizi nähili goraýar? Ilkinji äýnek nirede we nädip oýlanyp tapyldy? Geliň, äýnekler barada käbir maglumatlar bilen tanyş bolalyň!
Günden Ýere düşýän ultramelewşe şöhleler (UV) gözümize we derimize zeper ýetirip biler. Gözümizi Gün şöhlesiniň zyýanly täsirlerinden goramak üçin öndürilen äýneklerde UV şöhlesini doly diýen ýaly (99%) saklap bilýän aýnalar ulanylýar. Mundan başga-da, äýneklerde ulanylýan aýnalar reňkine görä dürli şöhleleri özüne siňdirýär we bu şöhleleriň gözlere ýetmeginiň öňüni alýar.
Gün şöhlesinden goraýan ilkinji äýnekler
Ilkinji ýönekeý görnüşli äýnekler biziň eýýamymyzdan öň eskimoslar tarapyndan ulanylypdyr. Garyň güýçli ýagýan sebitlerinde ýaşaýan eskimoslar garyň we buzlaryň ýalpyldawukdygy sebäpli gözüni «gar körlügi» diýlip atlandyrylýan «fotokeratit» keselinden goramak üçin äýnek döredipdirler. Bu äýnek piliň süňkünden ýasalypdyr. Rim imperatory Neronyň gladiator söweşlerine tomaşa edende Gün şöhlesinden goranmak üçin gözleriniň öňünde ýalpyldawuk şaý-sepleri saklandygy aýdylýar. XII asyrda hytaýlylar hem Günden goraýjy äýnege meňzeş äýnek ulanypdyrlar. Adamlar bu äýnegi gözlerini goramak üçin däl-de ýüzüni gizlemek üçin ulanypdyrlar.
Häzirki zaman äýnekleri haçan oýlanyp tapyldy?
1700-nji ýyllaryň ortalarynda iňlis optigi Jeýms Aýskof dürli görüş meselelerini bejermek üçin tejribe geçirip başlaýar. Bu tejribäniň esasynda dürli reňkli, esasanam, gök we ýaşyl reňkli äýnek linzalary öndürilýär. Biraz wagt geçensoň, reňkli linzaly äýnek ýagtylyga duýgur hassalar tarapyndan ulanylyp başlanýar. Şonuň üçin hem Aýskof gözi Gün şöhlesinden goramak üçin döredilen ilkinji äýnekleriň oýlap tapyjysy hasaplanýar. Döwrebap äýnekler 1929-njy ýylda amerikaly Sam Foster tarapyndan döredilýär. Fosteriň oýlap tapan äýnekleri Golliwudyň kino ýyldyzlary, sazandalary tarapyndan ulanylýar we tiz wagtda meşhur bolýar. 1937-nji ýylda ABŞ-da 20 million äýnek satylýar. Şondan bäri tomus aýlarynda güneş äýnekleri gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Häzirki wagtda äýnekler sörfing, garda typmak we suwda ýüzmek ýaly sportuň dürli görnüşlerinde gözümizi daşky täsirlerden goramak maksady bilen hem ulanylýar.
Bilýärmidiňiz?
Ir wagtlarda Ispaniýada begleriň beýleki adamlara ähmiýetini görkezmegiň usuly hökmünde äýneginiň çarçuwasynyň ululygy oňa hormat goýulmalydygyny görkezipdir.
Dünýädäki iň adatdan daşary we gymmat äýnek «Shiels Jewellers»-iň «Emerald» atly äýnegidir. Bu modeliň linzalary zümerretden, çarçuwasy altyn we göwherden ýasalypdyr. 5 ýyl çemesi wagtda taýýarlanan äýnegiň bahasy 200 müň dollardan gowrakdyr.
Adamlar, ortaça, her 7 aýda 1 jübüt äýnek ýitirýär.
Her 14 minutda kimdir biri ýa äýnegini ýitirýär ýa-da üstünde oturýar.
Dünýä statistika býurosynyň habaryna görä, awstraliýalylaryň 50 göterimi äýnek dakynýarlar.
Meşhur iňlis aýdymçysy, aýdym ýazyjysy, pianinoçy we kompozitor Elton Jon äýnekleriň muşdagy bolup, onuň 20 müň jübüt äýnegi bar. Bu sungat ussadynyň äýnekleri howanyň temperaturasy 16 derejeden ýokary bolmadyk ýörite otagda saklanýar.
Gün şöhlesinden goraýan äýnekleriň diňe 25 göterimi asyl maksady üçin, galan 75 göterimi bolsa moda üçin satyn alynýar.
Dünýäde dürli äýnekleri öndürmek boýunça meşhur brendleriň arasynda öndürijiligi we hili boýunça Italiýanyň «Luxottica» markasy öňdeligi eýeleýär. Äýnekleriň 70 göterimi bu ýerden satyn alynýar. Beýleki meşhur «Ray Ban», «Burberry», «Chanel», «Ralph Lauren» markalar hem Italiýa degişlidir.
Şirinjemal GÜJIKOWA,
«Türkmentehnogurluşyk» ÝGPJ-niň arhiwçisi.