“Microsoft”-yň esaslandyryjysy Bill Geýts, ABŞ-nyň Kongresi uglerod zyňyndylaryny azaldýan tehnologiýalary ösdürmäge gönükdirilen maksatnamany kabul etse, durmuşa geçirjek taslamalara özüniň “Breakthrough Energy” gaznasyndan 1,5 milliard dollar geçirdigini habar berdi. Bu barada “Wall Street Journal” gazeti habar berdi. Bu ýerde gürrüň ABŞ Senaty tarapyndan tassyklanan 1,2 trillion dollarlyk ýurduň infrastrukturasyny ösdürmek meýilnamasy barada barýar. Indi kanun taslamasy Kongresiň Wekiller palatasynda tassyklanmaly.

Bu klimat tehnologiýalarynyň hemmesi üçin çykdajylary azaltmaga we kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Bill Geýts neşire, kanun taslamasy tassyklanan halatynda, “Breakthrough Energy” gaznasynyň üç ýylyň dowamynda howa goýberilýän zyýanly gazlaryň zyňyndylaryny haýallatmaga gönükdirilen taslamalara pul sarp edip biljekdigini aýtdy.

Döwlet başlangyjy, energiýa pudagynyň “ýaşyl” energiýany gaýtadan enjamlaşdyrmaga 73 milliard dollar sarp etmegi göz öňünde tutýar, ýene-de 21 milliard dollar bolsa, köne senagat we energiýa desgalaryny arassalamak üçin kompaniýalara kömek etmäge gönükdirilmegi meýilleşdirilýär.