Türkmenistanyň Mazari-Şerif şäherindäki Baş konsuly «Таliban» hereketiniň Balh welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi.

Oňyn hem-de işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň konsullyk edarasynyň Owganystanyň demirgazyk welaýatlarynda öz işini amala aşyrmagy bilen bagly bolan anyk meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunlukda iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň doganlyk häsiýete eýe bolup, dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygy bellenilip geçildi.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly «Таliban» hereketiniň Hyrat welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi.

Geçirilen geňeşmeleriň barşynda Türkmenistanyň Baş konsullygynyň Owganystanyň günbatar sebitlerindäki işine degişli bolan guramaçylyk we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Dostlukly ýagdaýda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň we Owganystanyň halklarynyň taryhy hem-de medeni umumylygynyň häzirki wagtda we uzakmöhletleýin geljekde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi üçin berk binýat bolup durýandygy bellenildi.