Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Ýo­si­hi­de Su­ga Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti
Gurbanguly Berdimuhamedowy ýur­du­my­zyň mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň To­kio Olim­pi­ýa
oýun­la­ryn­da üs­tün­lik ga­zan­ma­gy bi­len gut­la­dy.

«Ýa­kyn­da To­kio­da ge­çi­ri­len Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­na­şan wi­se-prem­ýer je­nap Ser­dar Berdimuhamedow Si­ziň Aly­hez­retiňiziň ma­ňa ibe­ren ha­ty­ny gow­şur­dy. Si­ziň Alyhezretiňize ala­da­la­ry­ňyz we ün­sü­ňiz üçin çuň­ňur ho­şal­ly­gy­my be­ýan et­mek is­le­ýä­rin.
Si­zi Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň To­kio Olim­pia­da­syn­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri, hu­su­san-da, ýur­du­ňy­zyň ta­ry­hyn­da ze­nan­la­ryň ara­syn­da agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da il­kin­ji me­da­la my­na­syp bol­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn» diý­lip, Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nis­tri­niň döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ibe­ren ha­tyn­da bel­le­nil­ýär.
Ýo­si­hi­de Su­ga soň­ky ýyl­lar­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Ýa­po­ni­ýa bi­len Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň ok­gun­ly ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni bel­läp, wi­se-prem­ýer Ser­dar Berdimuhamedowyň Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-ýa­pon ko­mi­te­ti­niň türk­men ta­ra­pyn­dan baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne gi­riş­me­gi bi­len gut­la­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, iki ýur­duň ara­syn­da yk­dy­sa­dy ul­gam­da hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de gi­ňel­dil­jek­di­gi­ne ynam bil­di­ril­di.
Ýo­si­hi­de Su­ga, şeý­le hem, Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentini Ýa­po­ni­ýa­nyň Hö­kü­me­ti­niň adyn­dan ýa­pon kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gat­naş­ma­gyn­da Çär­jew et­ra­byn­da gaz­tur­bi­na­ly elekt­rik be­ke­di­niň gur­lu­şy­gy­nyň üs­tün­lik­li ta­mam­lan­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.
«Gel­jek ýyl Ýa­po­ni­ýa bi­len Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­na 30 ýyl dol­ýar. Gel­jek­de hem Si­ziň Alyhezretiňiz bi­len bi­le­lik­de giň ugur­lar bo­ýun­ça iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi ug­run­da ta­gal­la ede­rin. Men azat we açyk Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň dur­nuk­ly ösü­şi üçin «Mer­ke­zi Azi­ýa+Ýa­po­ni­ýa» hyz­mat­daş­ly­gy­nyň çäk­le­rin­de gat­na­şyk­la­ry do­wam et­me­gi mak­sat edin­ýä­rin» diý­lip, Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň ha­tyn­da nyg­tal­ýar.