Dünýäniň iň uly adasy bolan Grenlandiýa Ýer ýüzünde iň köp buzuň saklanýan ýerleriniň biri hasaplanýar. Bu ýerde müňýyllyklaryň dowamynda eremän duran galyň buz gatlaklary saklanýar. Adanyň kenaryna golaý ýerlerdäki buzlar bolsa, yzygiderli eräp, ummanlardaky äpet aýsbergleri emele getirýär. Bu aýsbergler deňiz suwunyň ýylamagynyň öňüni alyp, tebigat üçin örän wajyp hasaplanýar. Howanyň global derejede maýlamagy netijesinde bolsa adanyň belent depelerine ilkinji gezek ýagyş ýagdy. Adatça, adadaky depeleriň buz gatlaklary garyň ýagmagy netijesinde galňaýar.

Maglumatlara görä, Grenlandiýanyň howasy soňky 10 ýylda 3-nji gezek “0”-dan ýokary, ýagny “+” görkezijä geçipdir. Bu barada ABŞ-nyň milli buz we gar maglumatlary merkezi habar beýär. Merkeziň habaryna görä, 1950-nji ýyldan soňra buz gatlagyna ilkinji gezek güýçli ýagyş ýagypdyr.

Kolorado uniwersitetiniň buz we gar maglumatlary milli merkeziniň uly ylmy işgäri Ted Skambos bu ýagdaýyň Grenlandiýanyň çalt gyzýandygynyň alamatydygyny aýdýar.

Administratiw taýdan Daniýa degişli bolan adanyň 50 müň töweregi ilaty bar. Medeni taýdan Ýewropa ýakyn hem bolsa, Grenlandiýa geografik taýdan Demirgazyk Amerika degişli bolup durýar.