Türkmenistan türkmen-owgan serhedindäki gözegçilik-goýberiş nokatlarynyň bökdençsiz işini üpjün etmegi dowam edýär.
Häzirki wagtda «Ymamnazar-Akina» we «Serhetabat-Turgundy» gözegçilik-goýberiş nokatlaryndan gündelik esasda 70-den gowrak demirýol wagonlary hem-de 160-a golaý ýük awtoulag serişdeleri goýberilýär.
Nebit önümleri, suwuklandyrylan gaz, däne, gündelik sarp ediş harytlary döwlet serhedinden goýberilýän ýükleriň esasy bölegini düzýär.
Şu nukdaýnazardan, owgan tarapynyň Owganystana eksport edilýän harytlar üçin gümrük paçlaryny arzanladandygyny hem bellemek zerurdyr. .( https://www.mfa.gov.tm)