Bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri sü­rü­ji­siz ulag­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ýan «Way­mo» kom­pa­ni­ýa­sy ABŞ-nyň San-Fran­sis­ko şä­he­rin­de sy­nag mak­sa­dy bi­len sü­rü­ji­siz tak­si hyz­ma­ty­ny ýo­la goý­dy. Bu sy­na­ga ada­ty ýo­lag­çy­lar ka­bul edi­lip baş­lan­dy. «Ja­gu­ar» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «I-Pace» at­ly elekt­rou­la­gy ar­ka­ly ge­çi­ril­ýän sy­nag sü­rüş­le­rin­de ulag­lar do­lu­ly­gy­na öz­baş­dak he­re­ket edip bil­ýär. Şeý­le-de bol­sa, ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­da­ýyň öňü­ni al­mak üçin sü­rü­ji bar. Bu tä­sin hyz­mat­dan peý­da­lan­mak is­le­ýän ýo­lag­çy­lar «Way­mo» mo­bil go­şun­dy­syn­dan ýer bel­let­me­li bol­ýar­lar. Kom­pa­ni­ýa ge­çen ýy­lyň okt­ýab­ryn­da ABŞ-nyň Ari­zo­na şta­ty­nyň Fe­niks şä­he­rin­de sü­rü­ji­siz tak­si hyz­ma­ty­ny ýo­la go­ýup­dy. Kom­pa­ni­ýa «Go­og­le»-a eýe­çi­lik ed­ýän «Alp­ha­bet» kong­lo­me­ra­ty­na de­giş­li­dir.