Transfer möwsüminiň tamamlanyp barýan şu günlerinde ähli futbol janköýerleriň esasy üns merkezinde iki transfer wakasy bar. Has takygy, Kilian Mbappeniň Real Madride, Kristiano Ronaldonyň bolsa Mançester Sitä geçmegine garaşylýar. Iki futbolçynyň-da geljek möwsümde häzirki klublary bilen şertnamasy tamamlanýar. Soňky 2-3 günden bäri Ronaldonyň Ýuwentusdan gidýändigi baradaky habarlar ýoň boldy. Oýunçynyň Mançester Siti bilen ylalaşyk gazanandygy bellenilýär. Öz menejeri Horge Mendesiň maslahaty boýunça iňlis kluby bilen ylalaşyk gazandy. Bu barada ispanlaryň AS gazeti habar berýär. Transferiň jikme-jiklikleri ýakynda belli bolar. Ýuwentusyň Ronaldonyň garşylygynda Gabriel Žesusy transfer almagyna garaşylýar.