“Apple” kompaniýasyna ýolbaşçylyk edýän Tim Kukuň bu wezipä bellenenine 10 ýyl doldy. Iş şertnamasyna laýyklykda Tim Kuka 5 million sany “Apple” paýnamasy berildi. Bu paýnamalaryň umumy bahasy 750 million dollara barabar. Tehnologiýa ägirdiniň esaslandyryjysy Stiw Jobs 2011-nji ýylyň 24-nji awgustynda Kuky ýokary derejeli wezipä bellän wagty iş şertnamasynda 10 ýyldan soňra 5 million paýnamanyň beriljekdigi bellenilipdir. 10 ýylyň dowamynda “Apple” dünýäniň iň gymmat kompaniýalarynyň birine öwrüldi. Tim Kuk hasabyna geçen paýnamalary satyp, olary nagt pula öwürdi. Soňky üç ýylyň dowamynda “Apple”-iň paýnamalary 190 göterim gymmatlady. 10 ýylyň dowamynda bolsa kompaniýanyň paýnamalary 1 müň 200 göterim gymmatlady. “iPhone”, “iPAD”, “Mac” we beýleki birnäçe elektron enjamy öndürýän “Apple”-iň bazar nyrhy häzirki wagtda 2,5 trillion dollara barabar bolup, bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy hasaplanýar.

Tim Kuk paýnamalaryň satyşyndan gazanan girdejisiniň 10 million dollaryny haýyr-sahawat gaznalarynyň birine geçiripdir. Tim Kuk haýyr-sahawat gaznalaryna goldaw bermegi bilen tanalýar. Ol esasan saglygy goramak we daşky gurşawyň aýawly saklanmagy üçin iş alyp barýan guramalara goldaw berýär. Kuk 2015-nji ýylda ölmezden ozal ähli baýlygyny haýyr-sahawata geçirip biljekdigini mälim edipdi. “Blomberg”-iň milliarderler indeksine görä Tim Kukuň şahsy baýlygynyň mukdary 1,5 milliard dollar.

Şahsy baýlygyny haýyr-sahawata geçirmekde “Microsoft”-yň esaslandyryjysy Bill Geýt bilen “Berkshire Hathaway”-iň esaslandyryjysy Worren Baffet öňdeligi eýeleýär. Olar 2010-njy ýylda “Giving Pledge” atly başlangyjy orta atdylar. Belli işewürler häzire çenli millardlarça dollary bagyş etdiler.