Dünýäniň iň gadymy kino festiwaly bolan Wenesiýa film şüweleňi şu gün az salym öň öz işine başlady. 78-nji gezek geçirilýän festiwal 11-nji sentýabra çenli dowam eder. Italiýanyň Wenesiýa şäherinde geçirilýän festiwalda baş baýrak – “Altyn ýolbars” ugrunda 21 film dalaşgär görkezilipdi. Dalaşgärlige hödürlenen filmleriň arasynda Pol Şrader, Paolo Sorrentino, Pedro Almodowar, Jeýn Kempion, Pablo Larrain ýaly meşhur režissýorlaryň kinolary-da bar.

Eminler toparyna “Mugthorlar” filmi bilen Oskar baýragyny gazanan koreýaly režissýor Bun Žun-ho ýolbaşçylyk eder. Toparda kanadaly aktrisa Sara Gadon, “Çarwadarlaryň mekany” filmi bilen Oskar alan Hloe Çžao, italiýaly režissýor Sawerio Koztanzo, belgiýaly aktrisa Wirjinie Efira, britaniýaly aýdymçy hem aktrisa Sintia Eriwo ýaly belli şahsyýetler bar.

 

78-nji Wenesiýa film festiwalynda baş baýraga dalaşgär görkezilen 21 film:

“Latyn Amerika” (America Latina) – Damiano we Fabio D’Innoçenzo

“Başga bir dünýä” (Un autre monde) – Stefan Briz

“Guty” (La caja) – Lorenzo Wigas

“Kapitan Wolkonogowyň gaçmagy” (Kapitan Wolkonogow bežal) – Alekseý Çupow, Nataliýa Merkulowa

“Kart paýlaýjy” (The Card Counter) – Pol Şrader

“Pyýada ýöreýişler” (Freaks Out) – Gabrielle Mainetti

“Taňrynyň eli” (E stata la mano di Dio) – Paolo Sorrentino

“Hadysalar” (L’evenement) – Odri Diwan

“Köwek” (Il buco) – Miçelanjelo Frammartino

“Yz goýman git” (Zeby nie bylo sladow) – Ýan P. Matuşinskiý

“Ýitirim bolan gyz” (The Lost Daughter) – Meggi Jillenhol

“Ýitirilen illýuziýalar” (Illusions perdues) –Ksawie Jannoli

“Mona Liza we ganly aý” (Mona Lisa and the Blood Moon) – Ana Lili Amirpur

“Resmi bäsleşik” (Competencia oficial) – Gaston Dýupra we Mariano Kon

“Iş üstünde – 2” (On the Job 2: The Missing 8) – Erik Matti

“Ugurdaş ejeler” (Madres paralelas) – Pedro Almodowar

“Itiň güýji” (The Power of the Dog) – Jeýn Kempion

“Ine, gülýärin” (Qui rido io) – Mario Martone

“Serpikme” (Widblisk) – Walentin Wasýanowiç

“Spenser” (Spencer) – Pablo Larrain

“Gün ýaşma” (Sundown) – Mişel Franko