1-nji sentýabrda ABŞ-a resmi sapar bilen baran Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýdeniň arasynda gepleşikler geçirildi. Ak tamda geçirilen bu gepleşiklerde iki tarapy gyzyklandyrýan birnäçe möhüm meseleler, şol sanda, howpsuzlyk, energiýa syýasaty we ykdysady hyzmatdaşlyklar barada pikir alşyldy.

Iki sagada çeken gepleşikleriň barşynda Jozef Baýden ýurtlaryň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy ileri tutýandygyny belläp, 60 million dollarlyk täze bukjanyň, ýene-de 45 million dollarlyk bukjanyň bolsa, ynsanperwerlik maksady bilen Ukraina bölünip berilýändigini tassyklady. Duşuşykdan soň  ABŞ-nyň we Ukrainanyň liderleriniň bilelikdäki beýanaty mälim edildi.

Ukrainanyň Prezidentiniň Waşingtona boljak saparyna taýýarlyk iki ýyl dowam etdi we Zelenskiý Baýdeniň Ak tamda kabul eden Ýewropa ýurtlaryndan ikinji lideri boldy. Ondan öň Germaniýanyň federal Kansleri Angela Merkel Waşingtonda bolupdy.

Wladimir Zelenskiniň ABŞ-a saparynyň dowamynda energetika ministri Jennifer Grenholm bilen gepleşikler geçirilip, taraplar energiýa howpsuzlygy meseleleri boýunça ylalaşyk gazandylar.