«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň esasy wakasy – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny uly dabara bilen toýlamakdan ybarat bolup durýar. Diýarymyzyň ähli künjeginde bu şanly toýa bagyşlanylan dürli çäreler yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzyň her bir raýaty Garaşsyzlyk baýramyny mynasyp garşylamak maksady bilen ruhubelent zähmet çekýär.
Milli Liderimiziň öňe süren başlangyçlaryndan gözbaş alyp, üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeler rowaç alýar. Ata Watanymyz durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösüş-özgerişleriň buýsançly belentliklerine çykýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylan üstünlikler, senagat ösüşinde eýelenen sepgitler hormatly Prezidentimiziň syýasy öňdengörüjiligini hem döwlet dolandyrmak paýhasyny görkezdi.
Bu gün Garaşsyz hem hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany hökmünde Ýer ýüzünde meşhurlyga eýe bolup, hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, dünýä ýüzünde durmuş-ykdysady taýdan barha ösýän, ägirt uly mümkinçilikleri bolan, islendik wezipeleri çözmäge ukyply, kuwwatly häzirki zaman döwleti hökmünde giňden tanalýar. Agzybir halkymyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan ýeňişlerini, ýeten belent sepgitlerini bütin dünýä görýär we ykrar edýär. Eziz Diýarymyz bedew bady bilen täze-täze ýeňişlere barýar.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp bina edilýän gözel ymaratlaryň, dürli desgalaryň sany artýar. Döwrebap, kämil tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygy durmuş-medeni maksatly binalardyr desgalaryň, ähli amatlykly ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, häzirki zaman şäherçeleriniň gurluşygy bilen sazlaşykly utgaşýar. Indi şeýle göze gelüwli binalaryň we desgalaryň açylyş dabaralarynyň buýsançly ýaňy bagtyýarlyk zamanamyzda alyslara aşýar.
Döwletimiziň taryhynyň şöhratly sahypalary Garaşsyzlyk döwrüne degişlidir. Çünki, ýurdumyz Garaşsyzlygyny alandan soň, görlüp-eşidilmedik ösüşleri başdan geçirdi. Garaşsyzlyk ýurdumyzyň köp ugurlardaky ösüşiniň gözbaşy bolup, dünýä döwletleriniň ünsüni çekip, halkara derejesinde abraýyny artdyrdy we döwletimiz dünýäniň çalt ösýän ýurtlarynyň birine öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär.
Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň has-da pugtalandyrylmagy ugrunda giň tagallalar edilýär. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de täze önümçilikleri döretmek ýa-da hereket edýänleriniň ugruny üýtgetmegi göz öňünde tutýan eksporta niýetlenen önümleriň möçberini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi toplumyň ähli düzüm bölümleriniň sazlaşykly ösmegi üçin möhüm şertdir.
Milli Liderimiziň gatnaşmagynda Kaka etrabynda täze döwrebap dokma toplumynyň ulanmaga berilmegi, Mary welaýatynda dünýäniň iri gaz käni bolan «Galkynyş» gaz käninde täze gaz guýularynyň gurluşygyna badalga berilmegi, hususy pudagyň wekilleri tarapyndan durmuş we önümçilik maksatly binalaryň gurlup ulanmaga berilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny has-da dabaralandyrýar.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzda giň gerimli özgertmeler amal edilýär. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, sanly ykdysadyýeti durmuşa geçirmäge giň gerim berildi. Sanly ykdysadyýete geçmekde aragatnaşyk ulgamyny ösdürmegiň çäklerinde kämil maglumat geçiriş ulgamyny gurnamak göz öňünde tutulýar. Bu ulgam ýurdumyzda elektron söwda hyzmatynyň ýaýbaňlandyrylmagyna, elektron resminama dolanyşygynyň ösdürilmegine, maglumat geçirijiliginiň we önümçiligiň ýokarlandyrylmagyna ýardam berer. Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi uzak möhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze döwrebap iş orunlaryny döretmäge giň mümkinçilikleri döretmek bilen, ýurdumyzyň okgunly ösüşine täze itergi berer.
Nurly HUDAÝWERENOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
uly mugallymy.