Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bagtyýar türkmen halkymyzyň her bir güni toý-baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp durmuşa geçirilýän daşary syýasatymyz dünýä jemgyýetçiliginde uly abraýdan peýdalanýar.
Arkadag Prezidentimiziň parasatly, parahatçylyga, ynsanperwerlige ýugrulan içeri we daşary syýasaty, şol sanda energetika, suw, ulag diplomatiýasy babatda öňe süren we sürýän halkara başlangyçlary bilen bir hatarda beýleki ugurlary öz içine alýan başlangyçlary Milletler Bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýar. Bu başlangyçlar Türkmenistan döwletimizi ählitaraplaýyn ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny barha ýokarlandyrmaga, şeýle hem ýurdumyzyň dünýäniň syýasy-ykdysady gatnaşyklaryna has işjeň goşulmagyny gazanmaga, sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbitlerine gönükdirilendir.
Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary işjeň ösdürilýär. Häzirki wagtda türkmen döwleti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisine gatnaşmaga we şol mejlisde ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlar bilen çykyş etmäge taýýarlyk görýär.
Nobatdaky uly göwrümli mejlisde Türkmenistan döwletimiz dünýäniň gün tertibiniň esasy meselelerine bagyşlanan birnäçe başlangyçlar bilen dünýä jemgyýetçiligine ýüzlener. Ýurdumyz täze görnüşli koronawirus ýokanjyna, onuň ýaýramagynyň syýasy we durmuş-ykdysady netijelerine garşy göreşmek boýunça dünýä jemgyýetçiligini has ysnyşykly hyzmatdaşlyga çagyryp, ylmy diplomatiýa ugry boýunça koronawirusyň täze görnüşiniň gelip çykyşynyň tebigatyny, bu ýokanjyň döredýän keselleriniň görnüşlerini, şeýle-de olary bejermegiň we öňüni almagyň usullaryny düýpli öwrenmäge gönükdirilen başlangyçlar bilen çykyş eder.
Mundan başga-da, hemişelik Bitarap döwletimiz ählumumy howpsuzlygyň üpjün edilmegi babatda giň tagallalar edip, bu babatda Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça dialogy döretmekde ozal öňe süren başlangyjyna esaslanmak bilen, yzygiderli ýagdaýda hereket edýän Merkezi Aziýada howpsuzlyk, parahatçylyk we ösüş meseleleri boýunça halkara forumy esaslandyrmagy teklip eder.
Bulardan başga-da, Merkezi Aziýada hem-de Hazar deňzi sebitinde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek babatda «Merkezi Aziýa – Hazar sebiti» atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek boýunça başlangyç bilen çykyş edilmegi sebitiň durnukly ösüşi üçin wajyp ähmiýete eýedir.
Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ähli ýurtlary we gyzyklanma bildirýan taraplar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga hem uly üns berýär. Şu jähtden ykdysady ulgamda energetika, senagat, ulag we söwda pudaklarynda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen täze öňe sürüljek başlangyçlar Watanymyzyň halkara abraýyny ýene-de bir gezek belende galdyrar.
Şeýle hem ýurdumyzyň soňky ýyllarda dünýä jemgyýetçiliginiň gün tertibiniň esasy wakalarynyň birine öwrülen howanyň üýtgemegine garşy göreşmek hem-de daşky gurşawy goramak ugurly tagallalary giň gerime eýe bolýar. Bu babatda milli Liderimiziň tagallasy bilen howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, suw serişdelerini dolandyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan, pes uglerodly energetikany ösdürmek hem-de BMG-niň howandarlygynda energetikanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde wodorody ösdürmek boýunça öňe sürüljek teklipleriň hem uly gyzyklanma döretjekdigi ikuçsyzdyr.
Umuman, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlary bütin adamzadyň ykbalyna öz oňyn täsirini ýetirýän başlangyçlar bolup, BMG-niň esasy ugry bolan durnukly ösüşiň has-da berkemegine täze itergi berer.
Salyh HUDAÝWERENOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.