Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimizde ýene-de bir okuw ýyly ýetip geldi. Ýurdumyzda 1-nji sentýabr – Bilimler we talyp ýaşlar güni uly dabaralara beslendi. Häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasaty ösüp gelýän nesliň jemgyýete işjeň goşulmagyny we özlerini durmuşda asylly alyp barmaklaryny guramagyň möhüm ugurlaryny görkezýär. Ýaş nesliň okamagy, bilim almagy, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler, şertler döredildi. Döwrüň talabyna laýyk gelýän döwrebap mekdepler we çagalar baglary gurlup, olar täze tehnologiýalar bilen doly abzallaşdyryldy.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, olar Diýarymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürmegi, bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmagy, ýaşlarymyzyň sazlaşykly ösmegi, dünýägaraýşynyň giňelmegi üçin ähli şertleri döretmegi maksat edinýär. Ýaş nesliň eşretli durmuşda ýaşamagy, okamagy, öwrenmegi, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin yzygiderli alada edilýär. Türkmen ýaşlarynyň dünýä möçberinde geçirilýän internet bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara, medallara eýe bolmaklary bizi has-da buýsandyrýar.
Eziz Diýarymyzda sanly ulgamyň mümkinçilikleri durmuşa geçirilýär, ýokary derejeli onlaýn görnüşindäki sapaklar guralyp, bilim ulgamyna dünýäniň ösen döwletleriniň tejribeleri ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bilim bermegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün edilýär, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmuny baýlaşdyrylýar, hili ýokarlandyrylýar. Şeýle-de, ýaş nesli okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär. Bu bolsa ýaşlara berilýän bilimiň dünýä derejesine laýyk bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Şunda çagalaryň döwrüň talaplaryna laýyk gelýän bilim ojaklarynda okap, bilim, terbiýe almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Ýaş nesle döwrebap bilim bermek babatda alnyp barylýan işleriň netijesinde, her ýyl hormatly Prezidentimiziň adyndan 1-nji synpa barýan ýaş türkmenistanlylara kompýuterleriň sowgat berilmegi bilimli ýaş nesilleri ösdürip ýetişdirmek babatda edilýän tagallalaryň aýdyň mysaly bolup durýar. Täze okuw ýylyna taýýarlyk işlerinde mekdep bazarlaryna möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde mekdep bazarlarynyň işläp başlamagy ene-atalaryňdyr çagalaryň, talyp ýaşlaryň täze okuw ýylynda gerek bolan harytlary bir ýerden satyn almagyna ýardam edýär.
Mekdep bazarlarynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen dürli öwrediji kitaplar, türkmen halk ertekileriniň suratlardyr şekiller bilen bezelen neşirleri uly islegden peýdalanýar. Aslynda, neşir önümleri okuw işiniň möhüm serişdeleridir. Harytlaryň arasynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky kärhanalarda öndürilen mekdep lybaslarynyň dürli görnüşleri aýratyn ünsüňi çekýär. Dürli biçüwdäki egin-eşikler kiçi ýaşdaky okuwçylardan başlap, ýokary synplarda bilim alýan ýaşlaryň isleglerini kanagatlandyrmaga niýetlenilendir.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli bolan «Ýeňiş» tikin fabriginde tikinçiler tarapyndan taýýarlanylýan mekdep okuwçylarynyň egin-eşikleri ýurdumyzyň dürli söwda nokatlarynda hereket edýän mekdep bazarlarynda satyldy. Olaryň arasynda oglanlar üçin ak köýnekler, gyzlar üçin zähmet dersinde geýer ýaly ýörite egin-eşikler bar. Umuman, Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary täze okuw ýyly üçin mekdep lybaslaryny tikip, oglan-gyzlarymyzy begendirdiler. Gyzlar üçin köýnekler we öňlükler «Bahar» tikinçilik kärhanasynda taýýarlanyldy. Eýýäm ýüzlerçe görnüşli mekdep lybaslary – köýnekler, penjekler, ak öňlükler, şeýle-de zähmet sapaklary üçin halatlar taýyn edildi. Zähmet sapagy üçin egin-eşikleri – halatlary, ellikleri, öňlükleri Türkmenabadyň we Berekediň tikinçilik kärhanalary, şol sanda Daşoguzdaky «Çeper» kärhanasy öndürdi. Aşgabatdaky modalar öýünde bolsa çagalar üçin ýyly jemperler örülýär. Gökdepe we Gypjak dokma toplumlarynda sport lybaslarynyň täze toplumy çykarylýar. Bu günki gün dokmaçylar çagalary we ululary rahat egin-eşikler we aýakgaplar bilen begendirmäge çalyşýarlar.
Ogulnur ATAÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.