1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda täze okuw ýylynyň başlanmagy hem-de güýz paslynyň ilkinji gününde bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Täze – 2021-2022-nji okuw ýyly mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda bilim binalarynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi ilkinji jaň dabaralarynyň şatlygyny artdyrdy. Bu desgalaryň gurluşygy ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan amala aşyryldy.
Ir säher bilen ýurdumyzyň ýokary, ýörite orta hünär we orta mekdepleriň gujagyna dolan talyplardyr okuwçylar ilkinji jaň dabarasyna şatlyk bilen gatnaşdylar. Bu dabaralar ak mekdepleriň gapylaryndan ilkinji ädimlerini ädýän körpeler üçin ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiz öz Gutlagynda giňden bellenilýän baýramçylyk hem-de 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli hemmeleri tüýs ýürekden gutlady.
Baýramçylyk mynasybetli geçirilen dabaralarda çykyş edenler ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrýan milli Liderimize alkyş aýdyp, bagtyýar ýaş nesli, olara bilim, terbiýe berýän mugallymlary, ata-eneleri mähirli gutladylar. Zehinli ýaşlaryň, sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary bu dabaralara aýratyn ýakym çaýdy.
Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanylan gözükdirmä laýyklykda, baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görülýän günlerde ähli bilim ojaklarynda öňüni alyş we zyýansyzlandyryş çäreleriniň geçirilendigini bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, ähli bilim edaralarynda arassaçylyk nokatlary döredilip, olar zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen üpjün edildi.
1-nji synpa gelen körpelere hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgat hökmünde «Bilimli» kompýuterleri gowşuryldy. Munuň özi bilimler dünýäsine gadam basýan körpe okuwçylaryň şatlygyny has-da artdyrdy.
Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ähli bilim ojaklarynda täze okuw ýylynyň ilkinji sapagy guralyp, ol aýratyn many-mazmuna eýe boldy.
Täze okuw ýylynyň ilkinji sapagy «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ady bilen geçirildi. Onda tejribeli bilim işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen durmuşa geçirilýän ylym-bilim özgertmeleriniň netijeleri hakynda täsirli gürrüň etdiler.
Eziz Diýarymyzyň obalarynda we şäherlerinde häzirki zaman mekdepleriniň hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynyň gurulýandygy, şolaryň iň döwrebap kompýuterler, beýleki zerur enjamlar we okuw gollanmalary bilen üpjün edilýändigi, okuw işlerine ylmyň öňdebaryjy gazananlarynyň, interaktiw-multimedia hem-de sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu ulgam üçin ýokary derejeli işgärleriň taýýarlanmagyna, mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýär.
Şol gün Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda gurlan ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdep dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Bu mekdebe Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, Annak Sähetmyradowyň ady dakyldy. Şeýle hem Änew şäherinde 720 orunlyk, Ak bugdaý etrabynda 960 orunlyk, Tejen etrabynyň Babadaýhan geňeşliginde 640 orunlyk, Babadaýhan etrabynda 960 orunlyk täze, döwrebap umumybilim berýän mekdepleriň ýene-de dördüsi açyldy.
Bilimler we talyp ýaşlar gününde Saýat etrabynyň Çowdur we Lebaby geňeşliklerinde her biri 600 okuwça niýetlenip gurlan döwrebap mekdepleriň 2-si Lebap welaýatynyň umumybilim berýän edaralarynyň üstüni ýetirdi.